Ger­ma­ni­ýa­nyň Týu­bin­gen uni­wer­si­te­ti­niň ar­heo­log­la­ry Yra­gyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Bas­set­ki oba­sy­nyň go­laýynda Mar­da­man at­ly ga­dy­my şä­he­riň ga­lyn­dy­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bu ba­ra­da “Live Science” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Ne­mes alym­la­ry 2013-nji ýyl­dan bä­ri Yra­gyň de­mir­ga­zy­gyn­da ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar. Em­ma hä­zir­ki gün­le­re çen­li ola­ra ýü­ze çy­ka­ran tä­ze ýe­ri­niň ady­ny anyk­la­mak ba­şart­man­dy. Ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň do­wa­myn­da içi 92 sa­ny kli­no­pis ýaz­gy­ly dört­gy­raň daş­ja­gaz­ly gap ta­pyl­dy.
Alym­lar ýaz­gy­la­ry aý­dyň­laş­dy­ryp, olar ar­ka­ly Mar­da­man şä­he­ri­niň dur­mu­şyn­dan kä­bir wa­ka­la­ryň be­ýan edil­ýän­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Şä­her 4800 ýyl ozal, esas­lan­dy­ry­lan eken. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler mi­la­dy­dan ozal, 1700-1900 ýyl­lar ara­ly­gyn­da bu şä­he­riň gül­läp ösen döw­ri baş­dan ge­çi­ren­di­gi­ni çak ed­ýär­ler. Şä­her mi­la­dy­dan öň, tak­my­nan 911-nji ýyl­dan 612-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da tä­ze As­si­ri­ýa döw­rün­de has-da gül­läp ösüp­dir. Mar­da­man te­lim sa­par As­si­ri­ýa im­pe­ri­ýa­sy­nyň dür­li şa­lyk­la­ry­nyň dü­zü­min­de bol­ýar. Ýö­ne onuň ta­ry­hy­na na­zar aý­la­nyň­da öz­baş­dak bo­lan dö­wür­le­ri­ne hem ga­bat gel­mek bol­ýar. Bu ýaz­gy­lar mi­la­dy­dan öň, 1250-nji ýyl­la­ra de­giş­li ha­sap­lan­ýar. Şol dö­wür­de şä­her As­si­ri­ýa­nyň bir bö­le­gi bo­lup­dyr. Kli­no­pis ýaz­gy­la­ryn­da ýer­li ýa­şaý­jy­la­ryň söw­da-sa­tyk iş­le­ri be­ýan edil­ýär.
– Için­de ýaz­gy­lar gal­dy­ry­lan ke­ra­mi­ka gabyň üs­ti ga­lyň to­ýun laý bi­len su­wa­lyp­dyr. Bu bol­sa, şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň bu ýaz­gy­la­ry özün­den soň­ku­la­ra gal­dyr­mak is­län­di­gi­ne gü­wä geç­ýär – di­ýip, Týu­bin­gen uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­me­ni Pe­ter Pfals­ner gür­rüň ber­ýär. Ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri do­wam ed­ýär. Mar­da­man äh­li dö­wür­ler­de el­degi­ril­me­siz gal­dy­ry­lyp, şu gün­ki gün­de has gym­mat­ly ta­pyn­dy­la­ry ýü­ze çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.