80 ýyl mundan ozal, 1938-nji ýylyň maýynda ilkinji “Volkswagen” zawodynyň düýbi tutulýar. Aslynda, konserniň taryhy 1934-nji ýyldan başlanýar. Nemes halky üçin elýeterli ulag öndürmek işi meşhur nemes konstruktory Ferdinand Porşe tabşyrylýar. Ol basym ilkinji “halk awtoulagynyň” birnäçe görnüşini döredip, olaryň biri uly meşhurlyk gazanýar. Zawodyň ady “volk” – halk, “wagen” – ulag diýen sözlerden ybaratdyr. Ilki-ilkiler “Volkswagen”-iň daşky keşbi tomzaga çalym edipdir. Halk awtoulagyny köpçülikleýin öndürmek maksady bilen 1938-nji ýylyň 26-njy maýynda Germaniýanyň Wolfsburg şäherinde “Volkswagen” awtozawodynyň gurluşygyna girişilýär. Ýöne ikinji jahan urşy onuň önümçiligine päsgelçilik döredýär. Uruşdan soň, 1947-nji ýylda “tomzak” Gannowerdäki sergä çykarylyp, köpüň göwnünden turýar. Şondan soň, kärhana Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan köp sanly sargytlary alyp başlaýar.
1948-nji ýylda kärhananyň düzümine has tejribeli inženerler işe çekilýär. Netijede, awtoulaglar has-da kämilleşdirilip, daşary ýurtlarda kärhananyň şahamçalary açylýar. Bularyň ählisi awtoulag söwdasynyň mäkäm ulgamyny döretmäge we köp millionlyk girdejili nemes senagat kärhanasynyň düýpli ösmegine ýardam berýär. 1960-njy ýylda “Volkswagen” paýdarlar jemgyýetine öwrülip, onuň awtoulagy bütin dünýä dolýar. Emma awtoulag bazaryndaky söwdada emele gelen käbir pese düşmeler şereketi tijenmäge mejbur edýär we 1970-nji ýyllarda has kämil kysymlaryň peýda bolmagyna alyp barýar. Häzirki wagta “Volkswagen” dünýäde awtoulag satmakda öňdäki orunlary eýeleýär. Onuň birnäçe ýurtda zawodlary bolup, meşhur markalary bilen dürli awtoulaglary öndürýär. Brendiň baş edarasy Wolfsburgda ýerleşýär. Häzirki wagtda Ýewropada satylýan awtoulaglaryň köpüsi “Volkswagen Group”-a degişlidir. Bu kärhana ygtybarlylygy we hili bilen tapawutlanýan häzirki zaman awtoulaglarynyň tutuş seriýasyny hödürleýär.