Edebiýata, sungata, medeniýete gadymy döwürlerden bäri uly hormat goýup gelýän merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi şatlyk-şagalaň bilen belläp geçýär. Ýazyjy-şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän çärelere bagtyýar raýatlarymyz, aýratynam, ýaşlarymyz uly höwes bilen gatnaşýarlar. Uly halypa ussatlar ýatlanylýan, şygyrlar okalýan, şirin aýdym-sazlar diňlenilýän çäreler olara gatnaşýanlaryň ruhuny göterýär.
Edebiýatymyzyň, sungatymyzyň, medeniýetimiziň taryhynda öçmejek yz galdyran halypa artistleriň, režissýorlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçylardyr sazandalaryň, suratkeşleriň adyny sanasaň sogaby bar.
Ykbalyny teatr hem kino sungatyna bagyş edip, tebigy zehini bilen teatryň sahnasynda hem kino sungatynda janlandyran ýatda galyjy keşpleri bilen halkyň aňynda müdimilik galmagy başaran halypalaryň biri hem Türkmenistanyň halk artisti Nurjemal Söýünowadyr. Nurjemal daýza milli teatr sungatymyzyň düýbüni tutan ilkinji artistleriň hataryna girýär. Türkmenistanyň halk artisti, kinorežissýor Alty Garlyýewiň meşhur “Aýgytly ädim” filmindäki baş gahryman Aýnanyň goňşusy Umsagülüň keşbini Nurjemal daýzanyň janlandyryşy häli-häzirlerem göz öňümizden gidenok. Ýogsam, Umsagülüň keşbi ikinji orundaky keşpleriň hataryna girýär. Ol Halnazar baýyň ogly Bally üçin Aýnanyň ejesi Mamanyň ýanyna gelip, söz aýdýar. Mama ör-gökden gelip, Ballynyň “telpegi aganlygyny”, özüniň hem öňki aýalyndan çagasynyň barlygyny aýdanda, Umsagül oňa: “A, sen Merede geleňde, çagaň ýokmudy? A, Aýna näme?” diýýär. Şonda Umsagül bilen Mama jak-jaklaşyp gülüşýärler. Bu sahna bolsa, filmi diýseň bezeýär. Şonuň ýaly keşp janlandyrmaklyk her bir artistden ussatlygy talap edýär. Şu ýerde rus teatr sungatynyň düýbüni tutujy Konstantin Stanislawskiniň “Kiçi keşp ýok, kiçi aktýor bar” diýen pähimli sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Nurjemal daýzanyň kino sungatynda şowly çykan keşpleriniň ýene-de biri “Aşyr aganyň hötjetligi” filmindäki Gerek ejäniň keşbidir.
Nurjemal Söýünowa 1913-nji ýylda Gypjak obasynda (häzirki Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Gypjak ýaşaýyş toplumy) dogulýar. Ol entek alty ýaşyndaka, ene mährinden galyp, kakasynyň elinde terbiýelenýär. Nurjemalyň kakasy ökde bagban bolupdyr, emma ol ir aradan çykýar. Soňra Nurjemal şol wagtky Ene Kulyýewanyň adyny göterýän çagalar öýüne ýerleşdirilýär. Nurjemala Daşkentdäki Orta Aziýa döwlet uniwersitetinde okamak hem miýesser edýär. Ol bu ýokary okuw mekdebinde özüniň zehinli talypdygyny görkezmegi başarýar. Şonuň üçin hem ony okuwynyň üçünji ýyllygyndaka hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigi sebäpli Kerki etrap arçynlygynyň aýallar guramasyna işe ýollaýarlar.
Bir gezek Nurjemal Kerkiden iş bilen Tejene ugradylanda, oňa bu ýerdäki teatrda “Aýjemal” spektaklyna tomaşa etmek miýesser edýär. Bu oýna tomaşa eden Nurjemalyň artistleriň keşp döredişine syny oturýar. Ol spektakla gatnaşan artistler bilen tanşyp, şonda käbir aktýorlaryň aýal keşbini döredişine geň galýar. Artistler teatrda zenan artistleriň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, çykgynsyz ýagdaýda şeýtmeli bolýandyklaryny oňa düşündirýärler we teatrda artistlige gelmegi teklip edýärler. Nurjemal birbada ikirjiňlense-de, soňra razylyk berýär.
Şeýdip, 1932-nji ýylda Nurjemal Söýünowa türkmen drama teatryna işe gelýär. Nurjemal Söýünowa teatryň sahnasynda ilkinji gezek dramaturg Garaja Burunowyň “On sekiz gark edilenler” oýnunda Gülüň, täjik ýazyjysy Hamza Hekimzada Nyýazynyň “Baý we batrak” dramasynda Jemiläniň şeýle-de “Üç duşman” atly oýunda mugallymyň keşplerini döredýär.
Soňra Nurjemal drama teatryň ýanyndaky studiýada okaýar. Studiýany üstünlikli tamamlan Nurjemal drama teatrda işe başlaýar. Nurjemal teatrda işlän döwri ençeme spektakllarda çykyş edip, dürli ýaşdaky, häsiýetdäki, dürli kärdäki, dürli gylyk-häsiýetli zenan keşpleriň ençemesini döredýär. Dramaturglar Bazar Amanow bilen Hojanepes Çaryýewiň “Zöhre we Tahyr” pýesasynda päk söýginiň nyşany bolup, halkymyzyň aňyna siňen Zöhräniň, “Şasenem we Garypda” Şasenemiň, Berdi Kerbabaýewiň “Hüýrlukga-Hemra” pýesasynda Güljemiläniň, Garaja Burunowyň “Göroglysynda” Agaýunus periniň, Bazar Amanow bilen Garaja Burunowyň “Keýmir kör” dramasynda asylly gyz Kümşüň, Guseýin Muhtarowyň “Allan aganyň maşgalasynda” öý bikesi Bibiniň, Berdi Kerbabaýewiň “Magtymgulusynda” Ýazgülüň, Bazar Amanowyň “Keminesinde” Hallygözeliň, Hydyr Derýaýewiň “Ykbalynda” Uzugyň ejesi Orazsoltanyň, şonuň ýaly-da özbek dramaturgy Seýit Ahmediň “Gelinleriň gozgalaňynda” goňşy aýalyň keşplerini ussatlyk bilen döredip, teatr muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp bolýar.
Nurjemal Söýünowanyň diňe bir teatryň sahnasyny bezemän, eýsem, kinofilmlerde-de unudylmajak keşpleri ýerine ýetirendigini hem bellemelidiris. Ol türkmen kino sungatyna uly goşant goşup, halk köpçüliginiň aňynda galmagy başaran zenan artistleriň hatarynda tanalýar. Nurjemal daýzanyň meşhur “Aýgytly ädim” hem-de “Aşyr aganyň hötjetligi” filmlerinde döreden ajaýyp keşplerinden daşary “Çopan ogly”, “Aýna”, “Ilkinji ekzamen” atly filmlerde döreden keşpleri hem ýatlanmaga mynasyp kinolardyr.
Aslynda, Nurjemal daýza isle teatryň sahnasynda bolsun, isle-de kinofilmde, hatda ikinji derejeli keşbi bilen hem tomaşaçyny özüne maýyl etmegi başarardy. Bu bolsa Nurjemal daýzanyň berlen tebigy zehinliliginden nyşandy. Ol esasy işinden sypynsa, kino sungaty bilen hem ýakyn aragatnaşykda bolardy. Ol “Türkmenfilm” kinostudiýasynda diňe bir keşp döretmek bilen çäklenmän, eýsem, gaýry döwletleriň filmlerini türkmen diline geçirmekden hem çetde durmazdy. Nurjemal daýza sözüň doly manysynda tüýs sungata berlen zehin diýilýänlerdendi.
— Ykbal meni Nurjemal Söýünowa, Söýün Amangeldiýew ýaly päk ýürekli ynsanlar bilen sataşdyryp, köp ýyllaryň dowamynda olar bilen agzybirlikde ýaşamagy peşgeş berdi. Men 1977-nji ýylda Söýünowlaryň maşgalasyna gelin bolup geldim. Ýigrimi ýyla golaý wagtyň içinde gaýnenem Nurjemal Söýünowa bilen bir işikden girip çykdyk. Nurjemal daýza çagalykdan ýetim galyp, durmuşyň köp kynçylyklaryny gören bolsa-da, ol üýtgeşik adamkärçilikli, pes pälli, şadyýan aýaldy. Ol özüniň çagalyk ýyllary barada janygyp gürrüň bererdi. Nurjemal daýzanyň artistligi öýde-de bildirýärdi. Onuň gürleýşi, hezil edip gülşi öýe bezeg berýärdi. Bir gün goňşy otagdan gatyrak sesler eşidildi. Men ýuwaşlyk bilen seretsem, gaýnenem bilen gaýnatam — Türkmenistanyň halk artisti Söýün Amangeldiýew ikisi spektaklyň bir bölegini taýýarlyk geçýän ekenler. Bularyň özlerine ynanylan keşpleri ussatlarça ýerine ýetirişlerini kesesinden synlap durşuma men haýranlar galýardym.
Gaýnenem dürli tagamly naharlary bişirmäge ökdedi. Onuň eli hem, dili hem süýjüdi. Agtyklarynyň mekdepde alan bahalaryna guwanyp, “Meniň oglum alym bolar, professor bolup ýetişer” diýip öwgüsini ýetirýärdi. Gaýnenemden görelde alarlyk zat juda köpdi. Ol gapydan ätlän adamy çaýsyz-çöreksiz goýbermezdi. Ýaşaýan öýümiziň hassahananyň ýanynda ýerleşýändigi sebäpli, welaýatlardan hassahana bejergi almaga gelen adamlaryň hossarlary ýaşamak üçin salgy sorap howlymyzyň derwezesini kakardylar. Gaýnenem bolsa, şol adamlaryň soraýan salgysynam aýdardy, çaýyny suwunam bererdi – diýip, Nurjemal daýzanyň gelni Aýjemal Söýünowa gaýnenesi baradaky ýakymly ýatlamalaryny beýan edýär.
Nurjemal daýza teatryň sahnasynda ýarym asyrdan hem gowrak wagt işläninden soň hormatly dynç alşa çykýar. Onuň zähmet depderçesinde diňe iki sany ýazgy bar. Olaryň birä drama teatryna işe girenligi, beýlekisi bolsa çykanlygy barada. Nurjemal daýzanyň tebigy berlen zehini, yhlasy, ukyp başarnygy, erjelligi, zähmetsöýerligi Sona we Suraý Myradowalar, Sabyr Ataýewa ýaly belli sungat ussatlarynyň hataryna goşulmagyna, “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň eýesi bolmaklygyna getirdi.
Häzir Nurjemal daýzanyň dört oglundan ýedi agtygy, on bir çowlugy bar. Olar sungata ykbalyny bagyş eden enelerine, ata Watanymyza, Arkadag Prezidentimiziň amala aşyrýan belent tutumly işlerine guwanyp, okap hem zähmet çekip, durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar.
Hawa, bu päk ýürekli ynsan, guýmagursak zehinli zenan baradaky ýagşy ýatlamalar onuň muşdaklarynyň, şägirtleriniň, sungatyna sarpa goýýanlaryň aňyndan hiç haçan öçmez.
Akmyrat Hojaberdiýew,
kino sungatyny öwreniji.