Adamzat köp wagtdan bäri sport bilen meşgullanýar. Toply oýunlaryň peýda bolmagy hem irki döwürlerden gözbaş alýar. Müsürde tapylan diwar şekillerinde aýak bilen oýnalýan topuň suraty çekilipdir. Hatda şol döwürlerden galan diametri 7,5 sm bolan deriden ýa-da kendirden edilen toplar häzirki wagtda birnäçe muzeýde saklanýar. Olaryň 2500 ýyl ozalky döwürlere degişlidigi çaklanylýar. Gadymy grek şahyry Gomer öz eserleriniň birinde top bilen oýnalýan oýun barada ýatlaýar. Miladydan ozalky 2500-nji ýyllara degişli Hytaýda ýere dürtülen iki naýzanyň arasyndan topy depip geçirmek arkaly oýnalýan oýun barada maglumatlar bar. Orta Aziýa halklarynyň arasynda bolsa, gyzlardan we oglanlardan düzülen toparlaryň topy el degirmezden, diňe aýak we kelle bilen urup, garşydaş derwezä geçirip oýnalýan oýun barada ýazgylar bar. Belli alym Mahmyt Kaşgarly “Diwany lugat at-türk” kitabynda we beýleki birnäçe taryhçylar öz eserlerinde türki halklaryň “tepük” atly oýun oýnandyklaryny belleýärler. Bu oýnuň düzgünleri häzirki futboluňka meňzeş bolupdyr. Ýagny, oýunda topa el degirmek, meýdançadan çykarmak we gödek hereket bilen düzgüni bozmak gadagan edilipdir. Medeniýetleriň köpüsinde mallaryň içi howaly içegeleriniň deri bilen gaplanmagy arkaly toplar tikilipdir. Hytaýda bolsa, deriniň içine ýüň dykylyp, top ýasalypdyr. Aýak bilen oýnalýan top dürli medeniýetlerde birmeňzeş oýnalyp, häzirki futbola iň golaý görnüşi XVII asyrda Angliýada peýda bolupdyr. 1841-nji ýylda futbol topunyň togalak bolmalydygy kabul edilipdir. 1848-nji ýylda “Kembrij düzgünleri” atly futbol kadalary girizilipdir we bu düzgüne görä ilkinji duşuşyk Kembrijde talyplaryň arasynda geçirilipdir. 1855-nji ýylda iňlis topary ilkinji gezek daşary ýurda, ýagny Germaniýa futbol oýnamaga gidýär. Şondan soňra Germaniýada hem futbola gyzyklanma artyp başlaýar. 1857-nji ýylda Angliýada ilkinji futbol kluby “Sheffield Club” açylýar. 1863-nji ýylda ýurtda Futbol federasiýasy döredilýär. 1871-nji ýylda Angliýanyň Federasiýa Kubogy ýaryşy başlanýar. 1872-nji ýylda Angliýa bilen Şotlandiýanyň ýygyndy toparlarynyň arasynda ilkinji duşuşyk geçirilýär. Soňky ýyllarda Ýewropada we beýleki ýurtlarda futbol federasiýalary döredilýär we sportuň bu görnüşine täze düzgünler girizilýär. Amerika yklymynda bolsa, ilkinji futbol federasiýasynyň düýbi Argentinada tutulýar. 1904-nji ýylda Belgiýa, Fransiýa, Daniýa, Gollandiýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa döwletleri FIFA-ny (Halkara Futbol Assosiasiýalar Bileleşigi) döredýär. 1908-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda futbol olimpiýa Oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär. 1844-nji ýylda Çarlz Gudir wulkanizirlenýän reziniň patentini alandan soňra, futbol toplary has döwrebap ýagdaýda öndürilip başlanýar. 1950-nji ýyllarda ak reňkli futbol toplary, 1960-njy ýyllarda 20 altygyraň we 12 bäşgyraň bölekden tikilen toplar peýda bolýar. 1970-nji ýylda Meksikada geçirilen Dünýä çempionatynda telewizordan tomaşa edýänlere has gowy görünmegi üçin ak-gara toplarda oýnalýar. Gara altygyraň şekiller futbolçylara-da topy aňsatlyk bilen yzarlamaga mümkinçilik döredýär.