Hakim Abulkasym Mansur Hasan Ferdöwsi (935-1020) pars şahyry, epiki poema “Şanamanyň” awtory, şeýle hem “Ýusup – Züleýha” dessany oňa degişli hasap edilýär. Ol uly meşhurlyga eýe bolup, Eýranda, Täjigistanda, Özbegistanda we Owganystanda milli şahyr hasaplanýar. Ferdöwsi 935-nji ýylda Horasanyň Tus şäheriniň töwereklerinde daýhan maşgalasynda dünýä inýär.
Ferdöwsiniň çagalyk we ýaşlyk ýyllary barada maglumat ýok diýen ýaly. Ol şol döwrüň gowy bilimini alypdyr we Eýranyň şol zamandaky edebi dillerinde – arapça we parsça erkin gürläpdir. Hatda ol pehlewi dilinden hem habarly bolupdyr. Ferdöwsi ylma aýratyn hormat goýupdyr. “Sen akylly-başly ýol gözle, bilim almak üçin bütin dünýäni sök”diýip ol aýdypdyr. Ol “hakim” (akyldar, alym) lakamyna çuňňur we giň bilimi sebäpli eýe bolupdyr.
Ferdöwsi uzak wagtlap Gaznada ýaşapdyr we Soltan Mahmyt Gaznawynyň hyzmatynda bolupdyr. Ol “Şanamany” hem oňa bagyşlap ýazýar.
Onuň mesnewi žanrynda ýazan baş eseri “Şanama” eposy bolup, onuň möçberi “Illiadany” we “Odisseýany” bilelikde alanyňda-da, iki esse köpdür. Dürli hasaplamalara görä, Ferdöwsi bu gahrymançylykly eserini ýazmaga ömrüniň 35 ýylyny sarp edipdir. “Şanama” giň we saldamly taryhy eser bolup, dünýäniň we adamzadyň ýaradylyşyndan soň, ilkinji patyşa Keýumersiň patyşalyk eden döwri baradaky hekaýa bilen başlanýar. “Şanamanyň” gahrymançylykly bölüminde pälwan Zalyň we onuň ogly Rüstemiň harby gahrymançylygy we olaryň adam başarnygyndan artyk güýçleri barada gürrüň berilýär. Syýawuş hakyndaky hekaýada bolsa, Watan goragy ähli zatdan ileri tutulýar.
“Şanama” 60 müň beýtden ybarat bolup, Eýranyň 53 hökümdarynyň patyşalyk eden döwrüni öz içine alýar. Ferdöwsiniň özi poemasynyň diňe patyşalyklar hakdadygyny öňe sürse-de, hünärmenler awtoryň ulanan çeşmelerine baglylykda ony üç sany uly ugra – mifologik, rowaýaty (pälwanlar barada) we taryhy böleklere bölýärler. Ferdöwsi resmi sasanid taryhy eserlerine salgylanyp, patyşalygy 4 dinastiýa bölýär: Peşdadiler, (2441 ýyl dolandyrýar) Keýaniler (732 ýyl), Eşkaniler (200 ýyl) we Sasanidler (501 ýyl).
Beýik şahyr 1020-nji ýylda aradan çykýar. Şahyryň guburyna 1934-nji ýylda doglan gününiň 1000 ýyllygy mynasybetli aramgäh guruldy.