“Da Winçiniň kodunyň” awtory, dünýä belli amerikan ýazyjysy Den Braun öz eserini ýaş nesiller üçin ýeňilleşdirmegi ýüregine düwdi. Başgaça aýdanyňda, eseriň diline ýaşlaryň oňat düşünmegi üçin onuň käbir aýry sýužetleri sadalaşdyrylar. Eseriň täzelenen görnüşi üstümizdäki ýylyň güýzünde neşir ediler.
Braunyň bu gelen kararyna köpler aňk-taňk boldular. Hatda abraýly amerikan neşirleriniň biri Braunyň ýaşlaryň aňynyň ösüşine kem baha berýändigini çak etdi. Olar ýaşlaryň bu eseriň düýp özenine düşünmäge ýagdaýynyň bardygyny mälim etdiler. Žurnalistleriň pikirini internet ulanyjylar hem goldadylar. Emmä käbir bilermenler romanyň diliniň, hakykatdan-da, agyrdygyny we eseriň dili ýeňilleşdirilen halatynda diňe bir ýetginjekleriň arasynda däl, eýsem uly ýaşly okyjylaryň arasynda hem uly meşhurlyga eýe boljakdygyny aýdýarlar.
Den Braun iň meşhur we kitaplary iň köp satylýan häzirki zaman amerikan ýazyjylarynyň biridir. Onuň 2003-nji ýylda çykan “Da Winçiniň kody” atly romany onýyllygyň iň köp satylýan kitaplarynyň biri boldy. 2009-njy ýylyň maglumatlaryna görä, bütin dünýäde bu eseriň 80 milliondan gowrak nusgasy satylypdyr. “Da Winçiniň kody” “The New York Times” gazetiniň iň köp satylýan kitaplaryň sanawnamasyna baştutanlyk etdi. 2006-njy ýylda bu romanyň esasynda bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan film surata düşürildi. Filmiň baş keşbini Golliwuduň belli aktýory Tom Henks ýerine ýetirdi.