Isle gyzgyn bolsun, isle sowuk, termoslar guýlan suwuklygy uzak wagtlap bolşy ýaly saklaýar. Eýsem, nädip?! Onuň ýeke-täk sebäbi bar – wakuum. Ýagny howasyz boşluk. Termosda iki gatlak bolýar. Daşky gatlak metaldan, içki gatlak adatça aýnadan ýasalýar. Ikisiniň arasyndaky boşlukdaky howa bütinleý diýen ýaly alynýar. Howanyň ýok ýerinde howa molekulalary bolmansoň, içinden daşyna ýa-da daşyndan içine ýylylyk geçirmeýär. Şol sebäpli termosyň içindäki zat ilki sowuk bolsa, sowuklygyna, gyzgyn bolsa, gyzgynlygyna galýar.
Wakuumly, ýagny howasyz boşlugyň geçirijisiz aýratynlygynyň bardygy 1643-nji ýylda italýan fizigi Ewanjelista Torriçelliniň häzirki termometrleriň atasy hasaplanýan simaply barometri oýlap tapanyndan bäri mälimdir. Emma wakuumy saklap biljek we şol birwagtda ýylylygy geçirmeýän material şol döwürlerde ýokdy. Termos ilkibada azyk önümlerini saklamak üçin däl-de, laboratoriýa şertlerinde suwuklygy we gazy saklamak üçin işlenip düzüldi. Iňlis fizigi Jeýms Dýuar 1890-njy ýyllardaky bu açyşynyň patentini almady we ylym-bilim edaralaryna sowgat etdi. Dýuaryň kömekçisi Reýnhold Burger bu enjamyň geljeginiň uludygyna göz ýetirip, 1903-nji ýylda öz watanynda patentini alýar. Enjamyň adyny kesgitlemek üçin ýaryş yglan edýär. Netijede, grekçede “ýylylyk” diýmegi aňladýan “Thermos” sözi saýlanýar we beýleki dillere hem şeýle geçýär. Termosyň has gowy tanalmagyna Demirgazyk we Günorta polýusa gidýän, beýik daglara çykýan syýahatçylaryň täsiri uly bolýar. Dünýäniň iň çet künjegine gidilende, kofeni gyzgyn saklap bilýän gap adamlarda uly ynam döredýär.