Antarktika diýlende, garly we buzly ýer göz öňüňe gelýär. Ýer ýüzüniň oturymly ýaşaýyş bolmadyk bu künjegi gurak bolmagy bilen tapawutlanýar. Buzuň galyňlygynyň möçberi käýarym 5 km-e ýetýär. Yklymyň Wiktoriýa ýerindäki Mak-Merdo gury jülgesine bolsa, hiç haçan gar ýagmandyr. 4800 inedördül km meýdany bolan bu ýere soňky gezek mundan 2 million ýyl ozal, ýagyş ýagandygy çaklanylýar. Bu ýeriň tebigy şertleriniň Mars planetasyna meňzeşdigi aýdylýar. Daş-töweregi ýeliň täsiri bilen üýtgeşik şekil alan gaýalar bilen örtülen jülgede hiç hili jandar ýaşamaýar. Bu ýerdäki şemalyň tizligi kämahal sagatda 320 km-e ýetýär. Gar ýagmaýanlygynyň sebäbi hem yzygiderli öwüsýän ýel hasaplanýar. Ol ýerde gaz wulkanlarynyň atylmagy netijesinde, dörän deşikler hem örän ajaýyp tebigy görnüşi emele getirýär. Hiç haçan ýagyn ýagmandygyna garamazdan, bu ýerde köl hem bar. Onuň ýerasty akymlaryň netijesinde dörändigi çaklanylýar. Kölde haýsydyr bir jandaryň ýaşap-ýaşamaýandygy barada ylmy barlaglar dowam edýär. Häzire çenli geçirilen barlaglaryň netijesinde, ýaşaýşyň alamaty hökmünde käbir daşlarda şöhleden energiýa alýan bakteriýalar tapyldy.
Meýdany boýunça Ýewropadan we Awstraliýadan uly bolan Antarktika bu ugurda bäşinji hasaplanýar. Aşa sowuk howa bu ýerde adamlaryň ýaşamagy üçin amatly däl. Emma köp ýyldan bäri ol ýerde ylmy barlaglar geçirmek üçin dürli desgalar, howa gämileriniň uçup-gonmagy üçin meýdanlar, gämileriň ýanaşmagy üçin portlar we ylmy barlag merkezleri döredildi.
Antarktika asman jisimleriniň köpüsinden soňra açylypdyr. Günorta polýusda ilkinji barlaglar 1772-1775-nji ýyllar aralygynda belli syýahatçy Jeýms Kukuň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýar. 1820-nji ýyllarda Rus geografik jemgyýetiniň agzasy, deňizçi, asly nemes bolan Faddeý Bellinsgauzeniň ýolbaşçylygyndaky topar has giňişleýin barlaglary geçirýär. Şol döwürler iňlis we fransuz alymlary ol ýerleriň kartasyny çyzýarlar. 1956-njy ýylda Täze Zelandiýa yklymyň hiç bir döwlete degişli bolmaly däldigini teklip etdi. 1959-njy ýylda Antarktika ylalaşygyna gol çekilýär. Oňa laýyklykda, bu ýerde tebigata zeper ýetirip biljek ähli işler gadagan edilýär. Diňe ylmy barlaglary geçirmäge rugsat edilýär. Yklymda ýylyň islendik paslynda 1000 töweregi adam ýaşaýar. Olaryň köpüsi alymlar, şeýle hem täsin künjegi görmäge barýan syýahatçylardyr.