24-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzyň ähli sebitlerini depginli ösdürmek, welaýatlarda senagat we hyzmatlar ulgamlary bilen birlikde, oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, şäher we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, iş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer oba hojalyk önüm öndürijilerini höweslendirmek maksady bilen, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.