Geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Aşgabat, Arkadag şäherleri, Ahal we Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen alnyp barylýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli konsertiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegine garaşylýar.
Bu barada 24-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.
PDF








