24-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň häzirki zaman dünýä syýasatynda uly orun eýeleýär hem-de döwletimizde olar bilen dostlukly gatnaşyklar ýola goýuldy we Garaşsyzlyk ýyllarynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy.
Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasatynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nazara alyp, döwletimiziň bu sebitiň ýurtlaryndaky diplomatik wekilçiligini has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky we Malaýziýadaky ilçilerini, degişlilikde, şol bir wagtda, Maldiwler Respublikasyna we Bruneý-Darussalam Döwletine ilçi hökmünde bellemek baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dünýä döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklaryň yzygiderli alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.