Russiýanyň Statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça ýurtda ýük awtoulaglarynyň çykarylyşy 30 göterim azaldy, ýagny üç aýda 25,5 müň awtoulag öndürildi.
Mart aýynda Russiýanyň zawodlaryndan 10,5 müň ýük ulagy çykaryldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 25,4 müň birlik azdyr.
Şol bir wagtda RF-de ýeňil awtoulaglaryň önümçiligi artýar, martda olaryň 66,9 müň sanysy öndürildi (2025-nji ýylyň martyndakydan 9,8 göterim köp), ýanwar-mart aralygynda 180 müň, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,3 göterim köp diýip, “motor.ru” ýazýar.