Dünýä belli “Time” žurnaly 2026-njy ýylda dünýäniň ösüşine iň güýçli täsir eden 100 adamyň sanawyny çap etdi. Bu abraýly sanawa dünýä liderleri, meşhur medeniýet işgärleri, öňdebaryjy alymlar we türgenler girizildi. Sanawyň esasy aýratynlygy – Hytaýyň lideri Si Szinpiniň bu sanawa 14-nji gezek girip, rekord goýmagydyr. Şeýle-de, sanawda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Rim papasy Lew XIV we meşhur blogger MrBeast ýaly atlar bar.
Žurnal bu ýylky gahrymanlaryny alty kategoriýa böldi. Syýasatda Mark Karny we Klaudiýa Şeýnbaum ýaly täze şahslar öňe saýlanan bolsa, sungat we moda äleminde Dakota Jonson, Ralf Loren we Wiktoriýa Bekhem ýaly meşhurlara ýer berildi. Sanawyň iň ýaş agzasy 20 ýaşly türgen Alisa Lýu, iň garrysy bolsa 96 ýaşly jemgyýetçilik işgäri Dolores Uerta boldy.
Sanawdaky her bir şahsyýeti tanyşdyrmak üçin ýörite makalalar taýýarlanyp, olary ýazmak işi beýleki dünýä ýyldyzlaryna ynanyldy. Mysal üçin, aýdymçy Teýlor Swift aktrisa Dakota Jonson barada, meşhur režissýor Martin Skorseze bolsa Rim papasy barada öz pikirlerini ýazdy. Žurnalyň baş redaktory Säm Jeykobsyň belleýşi ýaly, bu sanaw diňe bir üstünlikleri däl, eýsem dünýäni nähili üýtgedýändiklerini görkezýän adamlaryň hekaýatlarydyr.