Hytaýyň günorta-günbatarynda dünýäniň inženerçilik taryhynda iň kyn taslama hasaplanýan demir ýol gurluşygy alyp barylýar we ol 2030-njy ýyla çenli doly tamamlanar. Ýunnan prowinsiýasyndaky 330 kilometrlik Dali-Žuýli magistraly sebitdäki transport ulgamyny düýpli özgerdip, Hytaýyň Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen gatnaşygyny täze derejä çykarar. Taslamanyň çylşyrymlylygy sebäpli, onuň diňe 133 kilometrlik bir bölegini gurmak üçin on müňlerçe işçi 14 ýyl sarp etdi.
“China Railway Group” kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, gurluşyk işleri seýsmik taýdan işjeň zolaklarda, dik daglyk belentliklerde we çuň jülgelerde alyp barylýar. Ýoluň ugrunda jemi 34 köpri we 21 tunnel gurlup, inženerler gurluşyk wagtynda ägirt uly mukdardaky ýerasty suw akymlary bilen göreşmeli boldular. Adaty amatly şertlerde bary-ýogy 3 ýylda tamamlap boljak bu desga, häzirki wagtda dünýäniň iň kyn tehniki synagy hökmünde kabul edilýär.
PDF









