Bawariýanyň Trostberg şäheriniň 56 ýaşly ýaşaýjysy internet arkaly 15 ýewro satyn alan köne seýfiniň içinden bahasy 32 müň ýewro barabar bolan 250 gramlyk altyn bölegini tapdy. Täze eýesi seýfi öýünde gurnaýarka, ony tötänleýin gyşartmagy netijesinde zawoddaky däl-de, soňra goşulan gizlin bölümiň üstüni açdy. Bu täsin tapyndy barada derhal polisiýa habar berildi we gymmatlygyň seýfiň öňki eýesi bolan 90 ýaşly goja degişlidigi anyklandy. Altyn saklanýan ýerini ýadyndan çykaran goja öz emlägini oglunyň üsti bilen satuwa çykarypdyr. Kanun boýunça dawaly ýagdaýyň döremek ähtimallygyna garamazdan, seýfi satyn alan adam altyny hiç hili kazyýet işi bolmazdan hakyky eýesine meýletinlik bilen gaýtaryp berdi.
PDF









