Arheologlar Şweýsariýanyň Newşatel kölüniň düýbünden irki Rim imperiýasynyň döwrüne degişli ägirt uly gämini we rim söweş arabasynyň böleklerini tapdylar. 2024-nji ýylda üsti açylan bu tapyndy baradaky maglumatlar, ony ogrylardan goramak maksady bilen şu wagta çenli gizlenip saklandy. Gäminiň golaýyndan söweş arabasynyň agaç we metal tigirleriniň tapylmagy, gäminiň öz döwrüniň iň uly harby-ulag gämileriniň biri bolandygyny görkezýär.
Hünärmenleriň çaklamasyna görä, bu gämi Reýn derýasynyň boýundaky rim legionlaryna degişli ýaraglary, gurallary we at enjamlaryny daşan bolmagy mümkin. Häzirki wagtda dowam edýän gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda 60 metr uzynlykdaky meýdandan 150-den gowrak gymmatly tapyndy kölçen çykaryldy. Umumy sany 600-e ýetjekdigi çaklanylýan bu taryhy gymmatlyklary goramak üçin kölüň düýbünde ýörite gije-gündizleýin işleýän wideo-gözegçilik ulgamy gurnaldy.
PDF









