«Digital Dubai» edarasy Dubaýyň Kadrlar departamenti bilen bilelikde 50 müň döwlet gullukçysyna emeli aň (EA) endiklerini öwretmek üçin «AI+» atly täze maksatnamany başlatdy. Bu başlangyç döwlet edaralarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy we sanly hyzmatlary täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Tälim beriş çäreleri her bir işgäriň wezipesine görä düzülip, ýolbaşçylar strategiýa we dolandyryşa, hünärmenler bolsa «promt-inžiniring» hem-de işleri awtomatlaşdyrmak ýaly amaly gurallara üns bererler.
«Digital Dubai”-nyň baş direktory Hamad Obeýd Al Mansuriniň aýtmagyna görä, maksat işgärleri diňe bir tehnologiýa ulanyjysy däl, eýsem, raýatlaryň isleglerini öňünden çaklaýan hyzmatlary dörediji hyzmatdaşlara öwrülmegini üpjün etmekdir. Bu taslama emirligiň sanly transformasiýa boýunça amala aşyrýan umumy strategiýasynyň bir bölegi bolup, ol kiberhowpsuzlygy berkitmek we üznüksiz innowasiýa medeniýetini kemala getirmek ýaly öňki başlangyçlaryň dowamy bolup durýar.