“OpenAI” kompaniýasy özüniň iň kämil, akylly we intuiwatiw ulgamy hasaplanýan täze GPT-5.5 emeli aň modelini resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täze model öňki nesillerden tapawutlylykda, ulanyjynyň isleglerine has çuňňur düşünmegi we köp basgançakly çylşyrymly wezipeleri (programmirleme, maglumatlary seljerme, resminama döretmek) yzygiderli görkezme talap etmezden, özbaşdak meýilleşdirip ýerine ýetirmegi bilen tapawutlanýar. Eýýäm şu günden başlap, “ChatGPT”-niň “Plus”, “Pro”, “Business” we “Enterprise” tarifleriniň ulanyjylaryna, şeýle hem “Codex” we API arkaly programmistlere hem-de täze hyzmatlary işläp düzüjilere tapgyrlaýyn elýeterli edilip başlanan “GPT-5.5” modeli, esasan, programmirleme, ofis işleri we ylmy barlaglaryň başlangyç tapgyrlary üçin niýetlenendir.
Synag netijelerine görä, GPT-5.5 öňki GPT-5.4 modelinden has ýokary netijeleri görkezip, “GitHub”-daky hakyky meseleleri we programmaly üpjünçiligiň çylşyrymly amallaryny çözmekde uly ukyplaryny subut etdi. Kompaniýa bu modelde häzirki güne çenli iň güýçli howpsuzlyk mehanizmleriniň ornaşdyrylandygyny we onuň 200-e golaý hyzmatdaş tarapyndan maliýe, derman serişdelerini gözlemek hem-de aragatnaşyk ýaly ugurlarda düýpli barlanandygyny nygtaýar. Täze modeliniň çykmagy bäsdeşlik ugrunyň gyzyşan wagtyna gabat geldi: ýakynda “Anthropic” kompaniýasy gaty güýçlüdigi sebäpli “howply” diýlip atlandyrylan “Claude Mythos Preview” modelini hödürledi, “OpenAI” bolsa muňa jogap edip, kibergoranyş üçin ýöriteleşdirilen “GPT 5.4 Cyber” nusgasyny hem tanyşdyrypdy.
PDF









