Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Russiýanyň Lideri Wladimir Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyrmakçy. Bu barada Ak tamyň ady aýdylmadyk resmi wekillerine salgylanyp, «Washington Post» gazeti habar berýär.
«Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän G20 döwletleriniň ýolbaşçylarynyň sammitine çagyrmagy maksat edinýär» diýlip, habarda bellenilýär.
Neşiriň berýän maglumatyna görä, Prezident Trampyň Maýamidäki «Doral» golf-kurortynda geçiriljek duşuşygyna entek çakylyk iberilmedi.
Tramp ABŞ-da geçiriljek G20 sammitinde Putiniň bolmagynyň örän peýdaly boljakdygyny hasap edýär. Mundan öň Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Pankin Russiýanyň ABŞ-da geçiriljek G20 sammitine ýokary derejede gatnaşmaga çagyrylandygyny habar berdi. Russiýanyň G20-däki wekili Swetlana Lukaşyň belleýşi ýaly, ABŞ-nyň başlyklyk etmegi geljekki sammite «G-20» ýurtlarynyň ähli liderleriniň gatnaşmagyna garaşýar. Onuň sözlerine görä, ABŞ Wladimir Putiniň bu çärä gelmegi mümkinçiligine taýýarlyk görýär.
Kremliň resmi wekili Dmitriý Peskow Russiýanyň Prezidentiniň ABŞ-da geçiriljek G20 sammitine gatnaşmagy baradaky çözgüdiň entek kabul edilmändigini, Moskwa tarapynyň haýsy formatda wekilçilik etjekdiginiň forumyň wagtyna golaý anyklanjagyny mälim etdi.
Mundan ozal Putin soňky gezek pandemiýadan ozal, 2019-njy ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen G20 sammitine gatnaşypdy.