Gazagystanda 2026-njy ýylyň güýzünde emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagynda döredilen kinolaryň ilkinji halkara festiwaly — “Astana AI Film Festival” (AAIFF 2026) geçiriler. Bu barada Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen metbugat maslahatynda festiwalyň guramaçylary habar berdiler.
Guramaçylaryň sözlerine görä, “AAIFF 2026”-nyň merkezi wakasy emeli aňyň kömegi bilen döredilen gysga göwrümli filmleriň halkara bäsleşigi bolar. Oňa ýurduna, iş tejribesine ýa-da professional studiýasynyň bardygyna garamazdan, dünýäniň ähli künjeginden awtorlar gatnaşyp bilerler.
Festiwalyň guramaçylarynyň biri, Ozen kompaniýasynyň esaslandyryjysy Aýzatulla Husseýin “Astana AI Film Festival” çäresini döredijilik pudagynda her ýyl geçirilýän waka we täze formatlar hem-de zehinler üçin durnukly halkara meýdançasyna öwürmek meýilleri barada gürrüň berdi.
“Brave Talents” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Almas Žaliniň habar bermegine görä, sargytlary kabul etmek işi maý aýynda başlap, awgustyň ahyryna çenli dowam eder. Gatnaşyjylar dowamlylygy 10 minuda çenli bolan gysga göwrümli AI-film döretmeli we ony taslamanyň beýany bilen bilelikde festiwalyň resmi onlaýn platformasyna ýüklemeli.
“AAIFF 2026”-nyň umumy baýrak gory 1 million ABŞ dollaryna deň bolar, bu bolsa ony öz görnüşindäki iň uly çäreleriň birine öwürýär. Taslama hemaýatkärlik we hyzmatdaşlyk serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.
Festiwalyň çäklerinde kinofilmleriň görkezilişi, EA-mazmuna (AI-kontent) degişli maslahat, awtorlar hem-de prodýuserler üçin pitç-sessiýalar meýilleşdirilýär.
PDF









