1903-nji ýylyň 26-njy aprelinde Atletiko Madrid topary esaslandyrylýar. Ilkibaşda topar “Athletic Club Sucursal de Madrid” ady bilen Bilbao şäherindäki Atletik klubunyň şahamçasy hökmünde döredilýär. 1939-njy ýylda topar Milli awiasiýa kluby (Club Aviación Nacional) bilen birikdirilýär. 1946-njy ýylda häzirki adyny – Atlético de Madrid” – alýar.

1920-nji ýylyň Belgiýanyň Antwerpen şäherinde geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek buz hokkeýi boýunça ýaryş geçirilýär. Şol ýylyň 23-30-njy apreli aralygynda geçirilen duşuşyklara jemi 7 ýurt – Belgiýa, Kanada, Çehoslowakiýa, Fransiýa, Şwesiýa, Şweýsariýa we ABŞ gatnaşýar. Kanada altyn, ABŞ kümüş, Çehoslowakiýa bürünç medala mynasyp bolýar.
Ýokarky suratda: 1911-nji ýylda Atletiko Madrid topary.
Ortadaky suratda: Olimpiýa oýunlarynda Kanada wekilçilik eden “Winnipeg Falcons” höwesjeň hokkeý toparynyň agzalary.
PDF









