22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Sebitleýin ekologiýa sammitine we
Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Sebitleýin ekologiýa sammitiniň geçirilýän ýerine – «EXPO» halkara sergiler merkezine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.
Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary «RES 2026 EXPO» halkara sergisi bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň «RES 2026 EXPO» halkara sergisindäki milli pawilýony döwletimiziň baý medeni mirasynyň we häzirki zaman ekologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleriniň özboluşly sazlaşygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, köpugurly gymmatlyklary bilen myhmanlaryň ünsüni çekýär. Ýurdumyzyň wekili belent mertebeli myhmanlary pawilýon bilen tanyşdyryp, ekspozisiýada Türkmenistanyň gaýtalanmajak tebigaty we baý medeniýeti bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň, bu ulgamda durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň, maksatnamalaryň, taslamalaryň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra wekiliýet ýolbaşçylary «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugynda guralýan Sebitleýin ekologiýa sammitiniň plenar mejlisiniň geçiriljek ýerine – Kongresler merkezine geldiler. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, plenar mejlis öz işine başlady. Sammitiň gün tertibine tebigy ekologik töwekgelçiliklere ykdysady taýdan durnuklylyk we uýgunlaşmak, sebitde azyk howpsuzlygy, tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak, howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek, ekologiýa maksatlaryny gazanmagyň mehanizmleri, adalatly, inklýuziw geçiş, ekologiýa we sanly tejribeler bilen bagly birnäçe wajyp meseleler girizildi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hemmeleri mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, sammite gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň we hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynyň bu çäräniň ähmiýetini artdyrýandygyny belledi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.
«Bu forum aýratyn möhüm waka bolup durýar. Ilkinji gezek biziň ýurtlarymyz tarapyndan iň ýokary döwlet derejesinde giňeldilen ekologiýa gün tertibi toplumlaýyn, bitewi we hakyky sebit ölçeginde ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa, biziň pikirimizçe, daşky gurşawy goramagyň, howanyň üýtgemeginiň möhüm meselelerini we olar bilen bagly durmuş ugurly meseleleri çözmekde has täsirli, ulgamlaýyn, geljegi uly çemeleşmelere geçmäge ähli gatnaşyjy döwletleriň taýýardygynyň aýdyň görkezijisidir» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň şu forumy hut şeýle many-mazmunda kabul edýändigini belläp, ony ekologiýa, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekologik ösüşiň beýleki ähmiýetli ugurlary, ykdysady, ynsanperwer, hukuk häsiýetli meseleler barada pikir alyşmak, oňyn teklipleri we başlangyçlary öňe sürmek boýunça netijeli meýdança öwürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz serhetüsti suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak meselesiniň aýratyn ünsi talap edýändigini aýdyp, bu meselede Türkmenistanyň resmi garaýyşlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz serhetüsti derýalar we suw akymlary boýunça suw meseleleriniň şu üç esasy ýörelgäniň, hususan-da, suw meseleleri boýunça esasy konwensiýalaryň, beýleki halkara namalaryň berk berjaý edilmegi, serhetüsti derýalaryň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitleriniň deň derejede göz öňünde tutulmagy, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň giňden gatnaşmagy ýörelgeleriniň esasynda çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu geňeş suw ulgamynda tagallalary utgaşdyrýan netijeli düzüm bolup biler. Ýurdumyz, şol bir wagtyň özünde, Hazar deňzi sebitine girýän döwlet bolup, Hazar deňziniň ähli ekologik meseleleri babatda işjeň çykyş edýär.
Sammitiň netijeleri boýunça «Merkezi Aziýada ekologiýa raýdaşlygy» atly ekologiýa we durnukly ösüş babatda sebitleýin hyzmatdaşlyk hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Jarnamasy kabul edildi. Bu resminama sebitiň ýurtlarynyň ekologik meseleleri çözmekde raýdaşlygyny berkidip, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüş we ekologik meseleler boýunça bilelikde hereket etmäge taýýardygyny dünýä jemgyýetçiligine äşgär edýär.
* * *
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki şertlerde sebit hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini belledi we Aral deňzi sebitiniň ekologik abadançylygynyň gaznany esaslandyryjy ýurtlaryň azyk, energetika howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýändigini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.
«Araly halas etmek, onuň geljegi, deňziň sebitinde ýaşaýan adamlaryň ykbaly biziň mertebe işimiz, syýasy we ahlak jogapkärçiligimizdir. Şol bir wagtyň özünde ol möhüm ekologiýa, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmek üçin ýurtlarymyzyň hem-de halkara hyzmatdaşlarymyzyň ykdysady, maliýe, guramaçylyk serişdelerini, diplomatik tagallalaryny birleşdirmek we ulanmak babatda umumy borjumyzdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Türkmenistanyň 2017 – 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk eden döwründe gaznanyň amaly wezipelerine jogapkärçilikli we maksatnamalaýyn üns berendigini, halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr institutlary bilen özara gatnaşyklary anyklaşdyrmaga hem-de utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berendigini ýatlatdy.
Hormatly Prezidentimiz AHHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de geljekki bilelikdäki işiň täze wezipelerini kesgitlemegi teklip etdi. Bu işi esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyklykda tamamlamagy hem-de Aral deňziniň sebitiniň köp sanly meselelerini çözmek bilen bagly taslamalardyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara maliýe institutlary, donorlar bilen has işjeň hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döretmek dogry hasaplanýar.
«Biz Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen özara hyzmatdaşlygynyň derejesini düýpli hem-de hil taýdan ýokarlandyrmagyň zerurdygyndan ugur alýarys» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy we Türkmenistanyň dünýäde bolup geçýän üýtgeşmeleri, şol sanda geosyýasy we ykdysady häsiýetli ýagdaýlary göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan BMG bilen AHHG-nyň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işlemegi teklip edýändigini nygtady.
Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Astana Beýannamasy; Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidentini saýlamak hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; Gazagystan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň netijeleri hakynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; 26-njy marty Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni diýip yglan etmek hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi bar.
PDF









