Uzynlygy 194 km, ini 65 km bolan köl deňiz derejesinden 3 810 metr belentde ýerleşýär. Çuňlugy 140-180 metr aralygynda bolan kölüň meýdany 8 müň 300 inedördül kilometre barabar. Köle 25 sany akar suw guýýar. Onuň töwereginde ýaşaýan halk, esasan, balykçylyk bilen meşgullanýar. Ýerli halkyň dilinde “titi” – uly pişik, “kak” – daş diýmegi aňladyp, kölüň adynyň şu sözlerden gelip çykandygy aýdylýar. Şeýle hem kölüň iň üýtgeşik tarapy onuň ýüzünde hereket edýän emeli adalar bar. Bu adalarda balyk tutmak bilen meşgullanýan adamlar ýaşaýar. Bu ýere gelýän syýahatçylaryň köpüsi ol adalara baryp görýärler. Bu adalar şol ýerde ýetişýän ösümlikleriň birikdirilmegi bilen ýasalypdyr. Olaryň üstünde jaýlar gurlup, ilaty hemişe diýen ýaly gury ýere çykmazdan, şol adajyklarda ýaşaýar. Kölüň Peru tarapyndaky tebigy Takuile adasynyň ýaşaýjylary bolsa, dokmaçylyk bilen meşgullanýar. Uzynlygy 5,5 km-e barabar bolan adanyň 1 600 töweregi ilaty bar.
Kölüň töweregindäki we adalaryndaky ýaşaýjylar gadymy däp-dessurlaryny saklaýarlar. Kölüň Peru tarapynda iň uly ilatly nokat Puno şäheri, Boliwiýa tarapyndan Kopakabana şäheri bar.
Köldäki ýüzýän emeli adalara Punto şäherinden gaýykly barylýar. Häzirki wagtda şeýle adalaryň 40-dan gowragy bolup, olaryň 25-sinde ilat bar. Bu adajyklar totora atly çiňrikleri atanaklaýyn berkitmek arkaly ýasalýar. Olar öýlerini hem şol ösümlikden gurýarlar. Iýmitlilik kuwwaty ýokary bolan bu çiňrikler iýmit hökmünde hem peýdalanylýar. Nahar-şor üçin ot ýakylanda tutuş adanyň ýanmagynyň öňüni almak üçin daş düşeýärler. Şol daşlaryň üstünde ojak gurulýar. Irki döwürlerde bu adalarda ýaşaýan ilat dürli sebäplere görä göçmeli bolanlarynda adajygyň labyryny çekip, ol ýerden süýşüpdirler. Emeli adalaryň iň ulusy Tribuna bolup, onda 10 maşgala ýaşaýar. Has kiçileriniň uzynlygy 30 metr töweregi bolup, onda 2-3 hojalyk ýaşaýar. Bu ýerdäki ýaşaýjylar üçin adalaryň üstünde başlangyç mekdebi hem-de saglyk öýi hem gurlupdyr. Adalaryň arasyndaky gatnaw hem gamyşdan ýasalan gaýyklar bilen amala aşyrylýar.
Köl ösümlik we haýwanat dünýäsine-de baý. 1978-nji ýylda Titikaka goraghanasy döredilýär. Häzirki wagtda 37 müň gektar meýdandaky gamyşlyk bilen bir hatarda 60-dan gowrak balyk we guş, şeýle hem ýerde-suwda ýaşaýan jandarlaryň 18-si goralýar. Titikaka çümüjisi atly guşjagaz duşmanyndan ganatlaryny kakyp gaçýar. Bu ýerde köp gabat gelýän bu endemik guş uçup bilmeýär. Ýene bir endemik jandar gurbagadyr. Ala reňkli gurbaganyň derisi arkaly dem alýandygy aýdylýar.
Daş-töweregini dag gerişleri gurşap alan Titikaka köli dünýäniň iň owadan we köp syýahat edilýän ýerleriniň biridir.