Ýapyşýan kagyzlar: iş otaglarynda bellik edip diwara ýa-da kompýuter ekranyna ýapyşdyrylýan kagyz bölejikleri bize etmeli işlerimizi ýatladýar. 1980-nji ýyllarda satuwa çykarylan bu kagyzlar ondan 20 ýyl ozal peýda bolupdyr. ABŞ-ly Spenser Silwer 1960-njy ýyllarda ýelimiň has berk ýapyşýan görnüşini oýlap tapmak üçin synanyşypdyr. Emma ol örän az täsirli ýelimi oýlap tapypdyr. Edýän synanyşyklarynda ulanan kagyzlaryny dostlarynyň kitap okanlarynda ony kitabyň galan sahypasynda goýýandyklaryny görüp, onda täze pikir döräpdir. Şeýlelikde, “post-it” ady bilen ýelimli kagyzlar peýda bolupdyr.
Tigirçekli sagat: irden turmak käwagt kyn bolýar. Köp adam jaňly sagady ýa-da telefony irden jyňňyrdanynda öçürip, gaýtadan ýatýar. Gauri Nanda atly hünärmen “Clocky” atly tigirçekli sagady işläp düzýär. Ol irden jyrlanda, ýöräp başlaýar. Sagady düzüp ýatan adam bolsa, ony öçürmek üçin ýerinden turmaly bolýar we netijede ukusyndan açylýar. 2005-nji ýylda önümçiligine başlanan sagadyň häzire çenli dünýäniň 45 ýurdunda 10 milliondan gowragy satylypdyr.
Çygly süpürgüç: elýaglygyň bir gezek ulanmaga niýetlenen çygly görnüşleri häzirki wagtda giňden ulanylýar. “Kleenex” kompaniýasy bu önümi 1924-nji ýylda öndürip başlaýar we uly girdeji gazanýar. Soňlugy bilen bu harydyň dürli maksatlar üçin bir näçe görnüşi peýda bolýar.
Slinka: käbir oýnawaçlar hiç mahal öz ähmiýetini ýitirmeýär. Slinka atly ýaý hem şeýle oýunjaklaryň biridir. 1945-nji ýyldan bäri 250 milliondan gowrak slinkanyň satylandygy aýdylýar. Älemgoşar reňkli oýnawaçlary 1943-nji ýylda inžener-mehanik Riçard Jeýms ABŞ-nyň harby deňiz güýçlerinde gulluk edýän döwri oýlap tapýar. Ol ýaýlar bilen tejribe-synag işlerini geçirýän mahaly pružinleriň biri onuň elinden gaçyp, “ýöräp” başlaýar. Bu ýagdaýa geň galan Riçard pružini öýüne alyp gaýdýar we öz açyşyny maşgalasyna gürrüň berýär. Maşgala agzalary öz aralarynda maslahatlaşyp, çaga oýnawajyny ýasamaly diýen netijä gelýärler. Bu oýnawaçlaryň görnüşi häzire çenli ilkibaşdakysyndan o diýen üýtgemändir.