“Air­bus” kom­pa­ni­ýa­sy­ öz uçar­la­ry­nyň äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­ny we iri bö­lek­le­ri­ni da­şa­ma­k üçin ni­ýet­läp ön­dü­ren “Be­lu­ga” ýük uça­ry­nyň has uly gör­nü­şini sy­nag­dan ge­çi­r­di. “Be­lu­ga XL” (“Air­bus A330-700L”) mo­del uça­ryň il­kin­ji sy­na­gy şow­ly ta­mam­lan­dy. Bu uçar­dan bä­şi­si ön­dü­ri­ler. Ol 4 sa­gat 11 mi­nut uçan­dan soň­ra, Fran­si­ýa­nyň Tu­lu­za-Blan­ýak ae­ro­por­tu­na gon­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri uça­ryň öňü­miz­dä­ki 10 aýyň do­wa­myn­da je­mi 600 sa­gat uç­jak­dy­gy­ny we 2019-njy ýyl­da iş­läp baş­la­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Onuň daş­ky gör­nü­şi üýt­ge­şik­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Daş­ky gör­nü­şi ki­te meň­zeş bo­lup, onuň “göz­le­ri” we “ýyl­gyr­ýan ýü­zi” hem şe­kil­len­di­ri­lip­dir. Gül­ýän ki­tiň şe­ki­li “Air­bus”-yň 20 müň iş­gä­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len pi­kir so­raş­ma­nyň ne­ti­je­sin­de saý­la­nyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ula­nyl­ýan A330-200 “Be­lu­ga” mo­de­li­niň ba­za­syn­da dö­re­di­len uça­ra Ark­ti­ka­nyň töwereginde ýa­şa­ýan ki­tiň bir gör­nü­şi­niň ady da­ky­lyp­dyr. Bu uçar­lar “Air­bus” uçar­la­ry­nyň Ýew­ro­pa­nyň dür­li ýer­le­rin­de ön­dü­ri­len bö­lek­le­ri­ni Tu­lu­za, Ham­burg ýa-da Tians­zin­dä­ki uçar ýyg­naý­jy za­wod­la­ra da­şa­mak­da peý­da­la­ny­lar.
Il­kin­ji “Be­lu­ga” uçar­la­ry 1994-nji ýyl­da ula­ny­lyp baş­lan­ýar. 2014-nji ýyl­da tä­ze ýük uça­ry­ny ön­dür­mek üçin işe gi­ri­şil­ýär. “Air­bus Trans­port In­ter­na­tio­nal” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ste­fan Gos­se­lin önüm­çi­li­giň art­ma­gy bi­len tä­ze “Be­lu­ga” ze­rur­lyk du­ý­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Hä­zir­ki “Be­lu­ga­lar” A340 uça­ry­nyň ga­nat­la­ry­ny ýa-da “A350”-niň ga­ba­ra­sy­ny gö­te­rip bil­ýär. Em­ma “A380”-niň kä­bir bö­legi­ni da­şa­mak üçin ýe­ter­lik däl. “Be­lu­ga XL” hä­zir­ki­ler­den 6 metr uzyn we 1 metr giň bo­lup, göw­rü­mi 30 % köp­dür. Ýük gö­te­ri­ji­li­gi bol­sa, 6 ton­na köp.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, il­kin­ji uçu­şy­ny 1988-nji ýy­lyň ahy­ryn­da ama­la aşy­ran we ba­ry-ýo­gy bi­ri ön­dü­ri­len “An­to­nov An-225 Mriya” dün­ýä­niň iň uly ýük uça­ry bol­ma­gyn­da gal­ýar. Şeý­le hem “Boeing 747 Dream­lif­ter”, “An­to­nov An-124” ýa­ly iri uçar­lar uly ýük­le­ri da­şa­mak­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar.