Täze ylmy barlaglar nusgawy we jaz sazlaryň gurluşynyň wagtyň geçmegi bilen has ýönekeýleşendigini ýüze çykardy. Italiýaly alymlaryň geçiren we “Nature” žurnalynda çap edilen barlagynda 1600-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli döredilen 20 müňe golaý saz faýly seljerildi. Gözlegleriň netijesinde, bu çylşyrymly žanrlaryň melodiýa we garmoniýa taýdan barha häzirki zaman meşhur sazlaryna meňzeş, has düşnükli gurluşa eýe bolýandygy anyklandy. Alymlar muny saz medeniýetiniň peselmegi däl-de, eýsem, sanly eýýamda adamlaryň has köpçülikleýin we elýeterli dilde aragatnaşyk saklamaga bolan meýli bilen düşündirýärler. Taslamanyň awtorlarynyň biri bolan Nikkolo Di Markonyň aýtmagyna görä, häzirki zaman kompozitorlary çylşyrymly gurluşlardan uzaklaşyp, has aýdyňlyga we gaýtalamalara üns berýärler. Bu bolsa sazyň hiliňi peseltmän, diňe bir “başgaça çylşyrymlylyga” geçendigini we giň diňleýji köpçüligi üçin has elýeterli bolandygyny görkezýär. Şeýle-de, meňzeş ýönekeýleşme meýilleri diňe bir sazda däl, eýsem, internet we durmuş ulgamlary arkaly häzirki zaman ynsan aragatnaşygynda hem synlanýar.
PDF









