Finlýandiýa Ýewropada litiý gazyp alýan we gaýtadan işleýän yzygiderli önümçiligi ýola goýan ilkinji ýurt boldy. Ýurduň günbataryndaky Süwäýärwi sebitinde işe girizilen bu täze kärhana şahtany, baýlaşdyryjy fabrigi we gaýtadan işleýän zawody öz içine alýar. “Keliber” taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan bu önümçilik batareýalar üçin zerur bolan litiý gidroksidini öndürer. Bu bolsa Ýewropanyň Aziýadan we Awstraliýadan gelýän litä bolan garaşlylygyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer. Umumy bahasy 783 million ýewro barabar bolan taslama Günorta Afrikanyň “Sibanye-Stillwater” we Finlýandiýanyň döwlet kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdirildi. Desga doly güýjünde işläp başlanda, ýylda 15 müň tonna litiý gidroksidini öndürmegi we Ýewropanyň bu önüme bolan isleginiň 10 göterimini kanagatlandyrmagy meýilleşdirilýär. Taslama 300-e golaý iş ornuny döreder. Muňa garamazdan, ähli önümçilik zynjyrynyň 43 kilometrlik radiusda jemlenmegi taslamanyň strategik we tehnologik ähmiýetini has-da artdyrýar.