Häzirki zaman tehnologiýalary taryhyň gatlaklarynda gizlenip galan iň näzik duýgulary – ýürek owazlaryny dikeltmäge girişdi. «Daily Mail» neşiriniň habar bermegine görä, emeli aň ýazylan wagtyndan 540 ýyl geçen gadymy söýgi hatynyň mazmunyny doly okamaga we häzirki zaman diline geçirmäge kömek etdi.
1477-nji ýylyň fewralynda Topkroftda Marjeri Brýus tarapyndan öz adaglysy Jon Pastona ýazylan bu hat, orta asyr iňlis diliniň çylşyrymly orfografiýasy, standart däl grammatikasy we köne sözleri sebäpli hünärmenler üçin hakyky synaga öwrüldi. «MyHeritage» genealogik saýtynyň hünärmenleri «Scribe AI» guralynyň kömegi bilen bu taryhy resminamanyň kodlaryny çözmegi başardylar.
Hatyň mazmunyndan belli bolşy ýaly, ýaş Marjeri şol döwrüň iň uly meseleleriniň biri – galyň meselesi sebäpli uly ruhy azap çekipdir. Marjeriniň kakasy gyzynyň ýany bilen berilmeli sepiň mukdaryny oglan tarapyň talap edýän derejesine çenli köpeltmekden ýüz dönderipdir. Muňa garamazdan, Marjeri öz söýgülisine maddy baýlygyň däl-de, eýsem, päk duýgularyň ähli zatdan ýokarydygyny subut edýän şeýle setirleri ýazypdyr:
«Eger sen meniň, nirä gitseň hem, wepaly galmagymy isleseň, men seni söýmek üçin elimde baryny ederin we seni söýmegimi hiç wagt bes etmerin. Eger-de garyndaşlarym meniň ýalňyşýandygymy aýtsalar, goý, bilsinler: ýüregim maňa seni dünýädäki ähli zatdan ýokary tutup, çyn ýürekden söýmegi buýurýar. Eger-de haçan-da bolsa aramyzda düşünişmezlik dörese, wagtyň geçmegi bilen hemme zadyň düzeljekdigine ynanýaryn. Häzir aýtmaly başga zadym ýok, diňe bir zatdan başga — seni Hudaý (Mukaddes Üçlik) gorasyn. Haýyş edýärin: goý, bu hata senden başga hiç kimiň gözi düşmesin».
Bu taryhy resminama «Pastonlaryň hatlary» diýlip atlandyrylýan we 400-den gowrak haty öz içine alýan gymmatly arhiwiň bir bölegidir. Bu hat alyşmalar ýönekeý daýhanlykdan dworýan gatlagyna çenli belent ýol geçen maşgalanyň durmuşyny aýan edýär.
Taryhy maglumatlara görä, Marjeri bilen Jonuň söýgi hekaýasy şowly tamamlanýar: olar ähli maddy we maşgala päsgelçiliklerine garamazdan durmuş gurýarlar. 1479-njy ýylda bolsa olaryň ogly dünýä inýär. «MyHeritage» hünärmenleri hatyň ýazylanyndan bäri bäş asyrdan gowrak wagt geçendigine garamazdan, bu maşgalanyň häzirki zaman nesillerini hem tapmagy başardylar.