24-29-nji aprel aralygynda Kolumbiýanyň Santa-Marta şäherinde dünýäniň 50-den gowrak döwletiniň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda howanyň üýtgemegi boýunça ýokary derejeli halkara sammit geçirildi. Bu forumyň esasy maksady häzirki zamanyň iň möhüm meseleleriniň biri bolan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we gazylyp alynýan ýangyç çeşmelerinden arassa energiýa geçmegiň netijeli ýollaryny işläp düzmekden ybarat boldy.
Dabara gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, bu maslahat dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni tebigaty goramaga we energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirmekde möhüm ädim boldy. Kolumbiýa bilen Niderlandlaryň bilelikde gurnan bu maslahatynyň açylyşynda çykyş eden resmi wekiller ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara geçmegiň diňe bir howany goramak üçin däl, eýsem, döwletleriň energetika garaşsyzlygyny we durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde hem strategik ähmiýete eýedigini bellediler.
Sammitiň çäklerinde amala aşyrylan ara alyp maslahatlaşmalarda “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek, zyýanly gazlaryň bölünip çykmagyny azaltmak we energiýanyň täzelenip we gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Fransiýa we beýleki öňdebaryjy ýurtlar tarapyndan hödürlenen strategik “ýol kartalary” bu ugurda alnyp barylýan halkara tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etdi.
Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Pedro öz çykyşynda dünýäniň tropiki tokaýlarynyň we ekologik ulgamynyň goralyp saklanmagynyň tutuş adamzadyň geljegi üçin zerurdygyny nygtady. Maslahata gatnaşyjylar halkara derejesindäki gepleşikleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny we bu ugurda kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilmeginiň parahatçylygyň hem-de abadançylygyň girewidigini aýratyn bellediler.