Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň paýtagty Wasigton şäherinde Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III-niň ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyklar geçirildi.
Saparyň dowamynda Patyşa Karl III ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Ak Tamda belent mertebeli myhmanyň uly hormat-sylag bilen garşylanmagy iki ýurduň arasyndaky taryhy dostlukly gatnaşyklaryň barha berkidilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine ýokary baha berip, bu bileleşigiň halkara howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekdäki strategik ähmiýetini nygtadylar.
Dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş eden Patyşa Karl III Beýik Britaniýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy “adamzat taryhyndaky iň ähmiýetli we çalşyryp bolmajak sütünleriň biri” diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de, ol iki ýurduň umumy demokratik gymmatlyklara we parahatçylykly ösüşe ygrarlydygyny aýratyn belledi.
Prezident Donald Tramp öz gezeginde Britan monarhynyň bu taryhy saparynyň döwletara gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi. Sammitiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri barada hem pikir alyşdylar.
Patyşa Karl III-niň ABŞ-nyň Kongresinde eden çykyşy uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde ol taryhy we medeni arabaglanyşygyň dowamatlylygy barada durup geçip, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde häzirki döwrüň ähli wezipelerine üstünlikli jogap berlip bilinjekdigini nygtady.
Resmi saparyň dowamyndaky duşuşyklar özara düşünişmek, dostluk we ynanyşmak ýagdaýynda geçdi.
PDF









