«Clean Planet Technologies» kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup, gaýtadan peýdalanyp bolmaýan plastik galyndylardan awiaýangyç öndürýän desgany işe girizdi. Iňlis kompaniýasynyň ýurduň Kent sebitinde açylan desgasy hem plastik galyndylary ýok edýär, hem-de awiasiýa pudagy üçin zerur bolan ýangyjy öndürýär. Bu ýerde gidrousulda gaýtadan işlemek arkaly öndürilýän ýangyjyň adaty awiaýangyçdan 70 göterim arassadygy bellenilýär. Häzirki wagtda her günde 1 tonna plastik gaýtadan işlenýär. Ýurtda sarp edilýän ýangyjyň 2030-njy ýyla çenli 10 göteriminiň, 2040-njy ýyla çenli 22 göteriminiň bu usul arkaly öndürilmegi maksat edinilýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy doktor Endrýu Odýo her günde 100 müň awiagatnawyň amala aşyrylýandygyny, şol bir wagtda 600 müň tonna gaýtadan işlemäge ýaramsyz bolan plastik galyndynyň emele gelýändigini belleýär. Ol bu galyndyny uly islegden peýdalanýan haryda öwürýändiklerini aýdýar.
Nazimjan Jumaýew,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









