Ger­ma­ni­ýa­nyň Pa­pen­burg şä­he­rin­de gur­lu­şy­gy­na baş­la­nan «Ulys­sia» at­ly äpet gä­mi hä­zi­re çen­li gur­lan iň uly ýah­ta bo­lar. 2030-njy
ýyl­da su­wa goý­be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan gä­mi di­ňe bir suw ula­gy bol­man, eý­sem, su­wuň üs­tün­dä­ki «ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­ny» eme­le ge­ti­rer. Uzyn­ly­gy 320 met­re ýet­jek gä­mi­de meý­da­ny 110-1600 ine­dör­dül metr ara­ly­gyn­da 122 sa­ny öý bo­lar.
Ger­ma­ni­ýa­nyň Pa­pen­burg şä­he­rin­de gu­rul­jak gä­mi «öz ýa­şaý­jy­la­ry­ny» dün­ýä­niň iň uzak ýer­le­ri­ne äki­der. Äpet gä­mi sag­ly­gy go­ra­ýyş en­jam­la­ry bi­len hem üp­jün edi­ler. Suw ula­gyn­da is­len­dik ýaş­da­ky ada­myň öz öýün­de ýa­ly ýa­şa­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­di­ler. Gä­mi ulu­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, Ama­zon­ka der­ýa­sy­nyň saý su­wun­dan, Pa­na­ma ka­na­ly­nyň dar ýe­rin­den, Sid­ne­ýiň pes­se­jik köp­rü­si­niň aşa­gyn­dan ge­çip bi­ler. Ýan­gyç bi­len iş­le­jek gib­rid gä­mi Gün ener­gi­ýa­syn­dan hem peý­da­la­nar. Gä­mi­niň ýe­ke-täk eýe­si ýok. Gä­mi­dä­ki öý­le­ri sa­tyn alan adam­lar gä­mi­niň hem şä­rik­li eýe­si ha­sap­la­nar. Äpet suw ula­gy Şweý­sa­ri­ýa­da ha­sa­ba goý­lar. Gä­mi­de 600 metr­lik yl­gaw ýo­da­sy, golf meý­dan­ça­sy, iki sa­ny di­ku­çar meý­dan­ça­sy we su­was­ty gä­mi­ler bo­lar.
Hä­zir­ki wagt­da «Az­zam« at­ly ýah­ta (180 metr) dün­ýä­niň iň uly ýah­ta­sy ha­sap­lan­ýar.

Hümmet Hümmedow,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýatynyň hojalyk işleriniň müdiri.