Golaýda ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramy jemgyýetimiziň agzybirligini hem-de bitewüligini, häzirki nesilleriň ata-babalarymyzyň belent ruhy gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny aýdyň görkezdi. Aşgabat atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleriniň öňüsyrasynda Aşgabat atçylyk sport toplumynyň öňünde meşhur ahalteke bedewi Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy. Gözelligiň nusgasy bolan bu bedew Aşgabat şäherinde 1998-nji, 1999-njy, 2000-nji we 2001-nji ýyllarda geçirilen ahalteke atlarynyň gözellik sergileriniň ýeňijisi, 2008-2009-njy ýyllarda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy» atly gözellik bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda ýazky at çapyşygy möwsüminde üçýaşar atlaryň arasynda 1 müň 800 metr aralyga geçirilýän çapyşyklaryň ýeňijilerine onuň adyny göterýän «Pyýada» baýragy gowşurylýar.
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köpsanlysy esasy nesil ugurlarynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldylar. Owadan, syratly, ajaýyp atlaryň 10-synyň arasyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli mele reňkli Hankerwen atly bedew iň owadan at hökmünde ykrar edildi. Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, ak reňkli «Toyota Fortuner» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.
Şeýle-de uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň hem-de bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň, bedewleriň gaýtalanmajak tebigy gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek ugrunda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Behişdi bedewlerimiziň şanyna guralan baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilen köp sanly sergileri, maslahatlary, bäsleşikleri, sungat ussatlarynyň konsertlerini öz içine aldy. Baýramçylygyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmekde aýratyn tapawutlanan atşynaslaryň birnäçesiniň «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolandygy yglan edildi. Maslahatda çykyş edenler häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk pudagyna kuwwatly itergi berlendigini nygtadylar.
Ahalteke atlaryna uly hormat goýýan we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de şu asylly başlangyçlary dowam etdirip, bu pudakda alnyp barylýan giň gerimli işleri yzygiderli üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!
Gülşat Atamyradowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
PDF







