ABŞ-nyň Arizona ştatynyň Kingman şäherinde dünýäde ilkinji gezek elektromobillere bagyşlanan muzeý açyldy.
Amerikanyň «CleanTechnica» neşiriniň berýän maglumatyna görä, bu muzeý «Arizona Route 66 Museum» toplumynyň bir bölegi bolup, ol elektrikli ulaglaryň ösüş taryhyna bagyşlanýar. Sergide elektromobilleriň iň irki nusgalaryndan başlap, häzirki zaman işläp düzmelerine çenli eksponatlar ýerleşdirildi.
Görkezilýän eksponatlaryň arasynda XX asyryň başlaryna degişli ulaglar, şol sanda «Detroit Electric» modelleri, şeýle hem soňky döwürleriň synag we rekord goýan nusgalary bar. Muzeýde elektrikli ulag tehnologiýalarynyň ösüşi bilen baglanyşykly seýrek duş gelýän nusgalar hem hödürlenýär.
Bu serginiň döredilmegi hususy kolleksiýaçylaryň başlangyjy bilen amala aşyryldy. Muzeýiň esasyny 2014-nji ýylda «Route 66» festiwalynyň çäginde ilkinji gezek köpçülige görkezilen taryhy elektromobiller ýygyndysy düzýär.
Taryhy «Route 66» awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu muzeý sebitiň syýahatçylyk infrastrukturasynyň bir bölegine öwrüldi. Toplumyň çäginde elektromobiller üçin zarýad beriş bekedi hem gurnaldy.
PDF









