Gazagystanyň Awraam ylalaşygyna goşulmagynyň resmi dabarasy ýakyn wagtda Astanada geçirilip bilner. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersog bilen giňişleýin düzümdäki gepleşikleriň dowamynda mälim etdi.
Tokaýew ýurdunyň bu ylalaşyga goşulmak baradaky kararyna ygrarlydygyny we munuň sebit durnuklylygy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat döredýändigini belledi.
Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ünsi çeken döwlet Baştutany, aýratyn-da, emeli aň we sanlylaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Ysraýyl Gazagystanyň özygtyýarlylygyny ilkinjileriň biri bolup ykrar eden döwletleriň biridir.
PDF









