Norwegiýanyň günortasyndaky Rene şäherinde ýurduň taryhynda Wikingler döwrüne degişli iň uly şaýylyk hazynasy ýüze çykaryldy.
Maglumatlara görä, Glomma derýasynyň boýundaky meýdançada, eýýäm, 3 müňden gowrak kümüş şaýylyk tapyldy we arheologlar gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirýärler.
Ilkinji tapyndylary aprel aýynyň başynda metal gözleýji gurallary bolan hususy şahslar ýüze çykardylar. Şaýylyklar uly meýdana ýaýrapdyr, çen edilmegine görä, olar ýer işlerinden soň ýüzüne çykypdyr.
Hünärmenleriň çaklamasyna görä, bu hazyna XI asyrda, takmynan, 1040-1050-nji ýyllarda gömülüpdir. Şaýylyklaryň köpüsi Angliýadan we Germaniýadan getirilipdir, olaryň arasynda patyşa Haraldowitiň döwrüne degişli norweg nusgalary hem bar. Bu soňky 200 ýylyň dowamynda ýüze çykarylan şeýle görnüşli ilkinji iň uly tapyndydyr.
PDF









