Tehas uniwersitetiniň alymlary kofeniň düzümindäki birleşmeleriň organizmdäki NR4A1 atly ýörite belok bilen özara täsirleşip, garramagyň täsirlerini haýallatýandygyny ýüze çykardylar. Bu reseptor öýjükleriň dikelmegine, sowuklama garşy göreşmäge we stresli ýagdaýlarda bedeniň goraglylygyny saklamaga jogap berýär. Alymlaryň düşündirişine görä, kofeniň düzümindäki polifenollar NR4A1 belogynyň işjeňligini artdyryp, rak we akyl peselmegi ýaly hroniki keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Şeýle-de, barlaglar kofeniň diňe bir ünsüňi jemlemäge kömek etmän, eýsem, kofeinsiz görnüşiniň hem ýatkeşligi we öwrenmek ukybyny gowulandyrýandygyny görkezdi. Alymlar bu açyşyň kofeniň ömri uzaltmak häsiýetleriniň ylmy esaslaryny has-da aýdyňlaşdyrandygyny belleýärler.
PDF









