Müsüriň Eş-Şarkiýa welaýatynyň Tell-Farun obasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Gadymy Müsüriň meşhur hökümdary Ramses II-niň heýkeli ýüze çykaryldy. Ýurduň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrliginiň habar bermegine görä, agramy 6 tonna golaý, uzynlygy 2,2 metre deň bolan bu artefakt antik döwürde Per-Ramses şäherinden dini maksatlar üçin häzirki tapylan ýerine getirilipdir. Alymlar heýkeliň aşaky böleginiň ýokdugyna garamazdan, onuň üç sany gudrat şekillendirilýän ýörite “triada” toplumyna degişlidigini çaklaýarlar. B.E. öňki 1279-1213-nji ýyllarda hökümdarlyk eden Ramses II-niň döwrüne degişli bolan bu tapyndy häzirki wagtda ylmy-dikeldiş işlerini geçirmek üçin muzeý ammaryna ýerleşdirildi.