«Nature Health» žurnalynda çap edilen täze ylmy barlagyň netijeleri adam beýnisiniň dokumalarynyň tas ählisinde mikro we nanoplastik bölejikleriň bardygyny ýüze çykardy. Hytaýly we amerikaly alymlaryň bilelikde geçiren barlaglarynyň dowamynda seljerilen sagdyn beýni nusgalarynyň 100 göteriminde, näsag beýni nusgalarynyň bolsa 99,4 göteriminde dürli görnüşli plastik galyndylary hasaba alyndy. Ylmy maglumatlara görä, mikroplastik bölejikleriniň iň ýokary jemlenmesi çiş keselli dokumalarda anyklanyp, ol ortaça bir gram dokumada 129 mikrograma deň boldy. Gözlegleriň iň möhüm netijesi bolsa mikroplastigiň ynsan organizmindäki iň güýçli gorag ulgamy bolan gematoensefaliki päsgelçiligi böwsüp geçmäge ukyplydygynyň subut edilmegidir. Howa, suw we iýmit arkaly bedenimize aralaşýan polietilen hem-de poliwinilhlorid ýaly madda bölejikleri, ozal mälim bolan gan, öýken we bagyr dokumalaryndan soňra, indi ynsanyň merkezi nerw ulgamyna hem düýpli wehim salýar.
PDF









