Ýewropa Bileleşigi ýakyn ýyllarda giňelmegini dowam etdirer: ilki bilen onuň düzümine Çernogoriýa, soňra bolsa Albaniýa girer. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň giňelmek meseleleri boýunça komissary Marta Kos mälim etdi.
«Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň ýakyn ýyllarda giňelmegi doly hakykatdyr. Şeýle-de bolsa, Günbatar Balkanyň köp ýerlerinde ÝB-ne agza bolmak mümkinçiligi barada ikirjiňlenmeler saklanyp galýar. Agza bolmak üçin nobatda duran Çernogoriýanyň we Albaniýanyň oňyn mysaly sebitiň beýleki ýurtlaryny hem şol ýol bilen gitmäge ruhlandyrar diýip umyt edýärin» diýip, ol belledi.
Dalaşgärlik derejesini almak ÝB agzalygyna barýan has uzak ýoluň diňe başlangyjydyr. Türkiýe 1999-njy ýyldan, Demirgazyk Makedoniýa 2005-nji ýyldan, Çernogoriýa 2010-njy ýyldan, Serbiýa 2012-nji ýyldan, Albaniýa bolsa 2014-nji ýyldan bäri dalaşgärlik derejesine eýedir. Häzirki wagta çenli ÝB-ne iň soňky bolup 2013-nji ýylda Horwatiýa goşuldy. Onuň agza bolmak etaby 10 ýyl dowam etdi.