Ýaňy ýakynda Angliýanyň 2-nji ligasyndan 3-nji ligasyna düşen “Premier Liganyň” 2016-njy ýyldaky çempiony “Lester Sitiniň” ýyldyz oýunçysy Jordan Aýewiň täsin statistikasy bar. 34 ýaşyndaky ganaly futbolçy 6-njy gezek aşaky liga düşdi. Meşhur futbolçy Abedi Peläniň ogly bolan Jordan Aýew “Lester Siti” bilen 2-nji gezek aşaky liga düşdi. Ol şeýle şowsuz statistikany öňem 4 klub bilen başdan geçiripdi.

Karýerasyna 2009-njy ýylda Fransiýanyň “Marsel” toparyna başlan Jordan Aýew 2013/14 möwsüminde “Soşo” bilen 2-nji liga düşýär. Soňra 2014-nji ýylyň tomsunda “Loriýan” toparyna transfer bolup, möwsümiň ahyrynda-da klub aşaky liga gidýär. 2015-nji ýylyň awgustynda “Aston Willanyň” düzümine goşulan Jordan Aýewiň bu şowsuz statistikasy birmingemlilerde hem dowam edýär. Şol möwsüm “Aston Willa” topary “Premier Liga” bilen hoşlaşýar. “Aston Willa” bilen 2-nji ligada oýnanyňdan soň, 2017-nji ýylyň ýanwarynda şol wagtlar “Premier Ligada” çykyş edýän “Swansi Siti” toparynyň düzümine goşulýar. 2017/18 möwsüminiň tamamlanmagy bilen “Swansi Siti” topary hem 2-nji liga sary gidýär. 2018/19 möwsüminde “Kristal Palas” bilen şertnama baglaşyp, bu ýerde 2024-nji ýylyň awgustyna çenli çykyş edýär. Soňra “Lester Siti” ony transfer edýär. Şowsuz netijelerden soňam “Lester Sitiniň” “Premier Ligadaky” başdan geçirmesi tamamlanyp, “Championship”-e düşýär. Bu ýerde-de 1 möwsümden soň 3-nji liga düşen toparyň ýyldyzynyň täze möwsüm klubda galyp-galmajakdygy belli däl. Jordan Aýew Gananyň milli ýygyndysynyň oýunçysy bolup, 119 oýunda 34 goly derwezä girizýär.

Ýeri gelende bellesek, Jordan Aýewiň 2 agasy hem futbolçy bolup, 38 ýaşly Ibrahim Aýew öz ýurdunyň hem-de Belgiýanyň klublarynda oýnap, häzirki wagtda Gibraltaryň meşhur topary “Linkoln Red Imps” toparynyň köýnekçesini geýýär. 2 ýaş uly agasy Andre Aýew bolsa inisi bilenem bir wagtda “Marselde”, “Swansi Sitide” oýnaýar. Andre Aýew häzirki wagtda Niderlandlaryň “NAK Breda” toparynda oýnap, klubuň hem aşaky liga düşmegine garaşylýar.