Portugaliýanyň çempionaty “Primeira Ligada” çempion möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda belli boldy. 32-nji tapgyrda “Alwerka” toparyny Ýan Bednaregiň 40-njy minutda geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňen “Porto” utugyny 85-ä ýetirdi we 2-nji ýerdäki “Benfikadan” 9 utuk öňe saýlandy. Şeýlelikde, “Porto” topary 3 möwsümlik arakesmeden soň 31-nji çempionlygyny baýram etdi. “Porto” toparynyň 37 ýaşyndaky italiýaly tälimçisi Françesko Farioli karýerasyndaky ilkinji çempionlygyny gazandy. Ol geçen möwsümde “Aýaksda” öňde barýarka soňky 2 tapgyrda çempionlygy PSW toparyna aldyrypdy.

32 oýnuň 22-sinde ýeňiş gazanyp, 10-synda deňme-deň oýnan Žoze Mourinionyň tälimçiligindäki “Benfika” toparyna ýeke duşuşykda ýeňilmese-de çempionlyk gazanmak başartmady.

Portugaliýanyň çempionatynda “Benfikanyň” 38, “Portonyň” 31, soňky 2 ýylyň çempiony “Sportingiň” 21 çempionlygy bar.