4-nji maýda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde Ýewropa syýasy jemgyýetiniň (ÝSJ) VIII sammiti geçirildi. “Geljegi gurmak: Ýewropada agzybirlik we durnuklylyk” diýen şygar astynda geçirilen bu forum dünýäniň 50-ä golaý döwletiniň, şol sanda Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda guraldy. Sammitiň gün tertibiniň esasy ugurlaryny sebit we dünýä howpsuzlygy, energetika garaşsyzlygy hem-de transmilli ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri düzdi.
Bu gezekki duşuşyk özüniň düzümi boýunça taryhy häsiýete eýe boldy. Forumyň taryhynda ilkinji gezek oňa Ýewropa yklymyna degişli däl döwletiň — Kanadanyň wekilleri gatnaşdy. Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karniniň sammite gatnaşmagy Ýewropa we Demirgazyk Amerika ýurtlarynyň arasynda täze strategik hyzmatdaşlygyň kemala gelýändiginiň nyşany hökmünde baha berildi. Şeýle hem çäräniň çäklerinde Beýik Britaniýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmak we goranmak ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça gepleşikler geçirildi.
Sammite kabul ediji tarap hökmünde çykyş edýän Ermenistan üçin bu waka Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmak strategiýasynda möhüm ädim boldy. Forumyň barşynda dünýä liderleri häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetine täsirini ýetirýän energetika bazarlaryndaky ýagdaýlary we üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron öz çykyşlarynda energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde daşarky täsirlere durnuklylygy ýokarlandyrmagyň we strategik hyzmatdaşlaryň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar. ÝSJ-niň bu platformasy taraplaryň özara ynamyny berkitmäge we möhüm meseleler boýunça umumy garaýyşlary kemala getirmäge gönükdirilen möhüm diplomatik meýdança öwrüldi. Halkara maslahata Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar.
PDF









