Nýu-Ýork şäherindäki BMG-niň ştab-kwartirasynda 5-8-nji maý aralygynda Migrasiýa boýunça halkara forumy geçirilýär. Baş Assambleýanyň Başlygynyň howandarlygynda guralýan bu çärede howpsuz, tertipleşdirilen we kanunly migrasiýa baradaky Global şertnamanyň ýerine ýetirilişine baha berlip, onuň netijeleri boýunça bütin dünýäde migrasiýa hadysalaryny dolandyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan Ösüş deklarasiýasynyň kabul edilmegine garaşylýar.
Halkara migrasiýa guramasynyň (HMG) foruma gabatlap çap eden «Bütindünýä migrasiýa hasabaty — 2026» atly resminamasyna görä, häzirki wagtda dünýäde halkara migrantlarynyň sany 304 milliona ýetip, bu görkeziji Ýer ýüzüniň ilatynyň 3,7 göterimine barabardyr. Hasabatda migrasiýanyň dünýä ykdysadyýetiniň ösmeginde aýgytly orun tutýandygy bellenilip, 2024-nji ýylda migrantlaryň öz ýurtlaryna ugradan pul serişdeleriniň möçberiniň 905 milliard dollara ýetendigi, munuň bolsa köp sanly döwletler üçin gönüden-göni daşary ýurt maýa goýumlaryndan hem has ähmiýetli serişdedigi nygtalýar.
HMG-niň Baş direktory Emi Poupyň belleýşi ýaly, migrasiýa täze iş orunlarynyň döredilmegine we durmuş agzybirligine oňyn täsir edýär, emma kanunly migrasiýa ýollarynyň çäklendirilmegi adamlaryň has howply ugurlary saýlap almagyna we döwletleriň ykdysady bähbitlerini ýitirmegine sebäp bolýar. Resminamada 2024-nji ýylyň ahyryna çenli dürli krizisler, şol sanda sebitdäki gapma-garşylyklar we howanyň üýtgemegi sebäpli öý-işigini terk etmäge mejbur bolanlaryň sanynyň 120 milliondan geçendigi aýdylýar. Foruma gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, pul geçirmeleriniň bahasyny peseltmek we migrantlaryň hukuklaryny goramak arkaly migrasiýa hadysasyny ähli taraplar üçin peýdaly derejä ýetirmegiň ylmy esasly ýollaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.
PDF









