Şu günler 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda dabaraly çäreler, maslahatlar, sergiler geçirilýär. Munuň özi ýowuz urşa gatnaşanlara hem-de olaryň yzynda galyp, mukaddes ojagyny saklan mähribanlara goýulýan belent hormat-sarpany alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry bi­len, Wa­ta­ny­myz­da nus­ga­lyk dur­muş mek­de­bi­ni ge­çen ýa­şu­ly ne­sil­le­riň, bü­tin adam­za­dyň azat­ly­gy ug­run­da gö­re­şe çy­kan hem-de gi­je-gün­diz zäh­met çe­kip, Beýik Ýeň­şi ýa­kyn­laş­dy­ran eder­men wa­tan­daş­la­ry­my­zyň sar­pa­sy be­lent tu­tul­ýar. Ýa­kyn­da hormatly Prezidentimiz de­giş­li Per­ma­na gol çe­kip, we­la­ýat­la­ryň, şä­her­le­riň we et­rap­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Beýik Ýeň­şiň 81 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li uruş we­te­ran­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň adyn­dan pul sow­ga­dy­ny hem-de gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­ma­gy ka­rar et­di.
Wa­tan üçin ja­ny­ny gur­ban eden mil­li gah­ry­man­la­ry sar­pa­la­mak türk­men jem­gy­ýe­ti­niň mi­ze­mez däp­le­ri­niň bi­ri­dir. Şo­ňa gö­rä-de, 9-njy maý ýa­kyn­laş­dy­gy­ça, ýur­du­myz­da dür­li me­de­ni çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Bu se­ne my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýin­de «Ha­ky­da ýa­zy­lan ýat­la­ma­lar» at­ly ser­gi gu­ral­dy. Ser­gi­niň gi­ri­şi hormatly Prezidentimiziň port­re­ti, Di­ýa­ry­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan Döw­let ny­şan­la­ry­nyň fo­to­su­rat­la­ry, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Be­ýik Ýe­ňiş ba­ra­da aý­dan pä­him­li söz­le­ri bi­len açy­lyp, ol Ga­raş­syz­lyk döw­rü­mi­zi, Wa­ta­ny­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny wasp ed­ýän zer­gär­çi­lik eser­le­ri bi­len do­wam ed­ýär. Türk­men hal­ky Be­ýik Ýeň­şiň ga­za­nyl­ma­gy­na my­na­syp go­şan­dy­ny goş­dy. Ur­şuň ýo­wuz ýyl­la­ryn­da eder­men türk­men ýi­git­le­ri­niň müň­ler­çe­si do­gan­lyk halk­la­ryň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de sö­we­şip, gah­ry­man­çy­lyk gör­kez­di­ler. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ata­sy, hor­mat­ly
Pre­zi­den­ti­mi­ziň gar­ry ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew hem bo­lup, onuň dur­muş ýo­ly bu gün türk­men ýaş­la­ry üçin ha­ky­ky wa­tan­çy­ly­gyň, eder­men­li­giň, bor­ja we­pa­ly­ly­gyň nus­ga­sy bo­lup dur­ýar. Ser­gi­de Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ha­la çi­ti­len su­ra­ty, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan söý­lüp okal­ýan eser­le­ri ýer­leş­di­ril­di. Şeý­le hem bu ýer­de 1941 – 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­na de­giş­li gym­mat­lyk­lar, es­ger hat­la­ry­nyň nus­ga­la­ry, şol döw­re de­giş­li dür­li se­riş­de­ler we es­ger es­bap­la­ry gör­ke­zil­ýär.
Bu ýer­de uruş ýyl­la­ryn­da tyl­da gah­ry­man­çy­lyk­ly zäh­me­tiň nus­ga­sy­ny gör­ke­zen türk­men ze­nan­la­ry­nyň fron­ta kö­mek hök­mün­de es­ger­le­re ni­ýet­läp ti­ken ýy­ly egin-eşik­le­ri­ni, al­tyn-kü­müş be­zeg şaý­la­ry­ny tab­şy­ryp du­ran pur­sat­la­ry­ny gör­kez­ýän do­ku­men­tal fo­to­su­rat­la­ry syn­la­mak bol­ýar. Sö­we­şe gat­na­şyp, gah­ry­man­çy­lyk gör­ke­zen Gur­ban Dur­dy­nyň, Aý­dog­dy Ta­hy­ro­wyň, Al­la­ber­di Aga­ly­ýe­wiň fotоsu­rat­la­ry Wa­ta­ny go­ra­ma­gyň be­lent nus­ga­sy hök­mün­de ser­gi­ni gör­mä­ge ge­len­ler­de aý­ra­tyn tä­sir gal­dyr­ýar. Ser­gi­de or­den­dir me­dal­lar, front­dan ge­len hat­lar, ur­şa gat­na­şyp eder­men­lik gör­ke­zen har­by es­ger­le­riň şah­sy res­mi­na­ma­la­ry­ hem ýerleşdiri­lip­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­de «Gah­ry­man­la­ry­my­za hor­mat» ady bi­len gu­ra­lan ser­gi­de uruş ýyl­la­ry­nyň çe­per be­ýa­ny, hal­ky­my­zyň sars­maz ru­hy şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň dür­li gör­nüş­li eser­le­ri­niň üs­ti bi­len açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Ser­gi­de us­sat su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň eser­le­ri ýer­leş­di­ril­di.
Ýe­ňiş gü­ni my­na­sy­bet­li Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­tyn­da «Be­ýik Ýe­ňiş – ba­ky şöh­ra­ta bes­le­nen gah­ry­man­çy­ly­gyň, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň öç­mez nus­ga­sy» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­tyň işi umu­my mej­lis­den hem-de bö­lüm­çe­ler­den yba­rat bol­dy.