7-nji maýda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Netijeli geçen duşuşyk ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim bolup, iki ýurduň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
Mejlisiň dowamynda toparyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň goldaw bermeginde Türkmenistan milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we Gruziýa bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine doly laýyk gelýär.
Mejlise gatnaşyjylar özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdiler. Toparyň agzalary eksport-import amallarynyň häzirki ýagdaýy, iberilýän harytlaryň, şol sanda nebithimiýa, dokma we oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde bellenildi. Taraplar Merkezi Aziýa, Ýewropa sebitlerini birleşdirýän Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça netijeli ýük daşamalary üpjün edýän döwrebap ulag düzümini kemala getirmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar.
Duşuşykda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň möhüm logistika merkezi hökmünde ähmiýeti nygtaldy. Gruzin tarapy Poti porty arkaly üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirdi. Bu portuň kuwwatlyklarynyň ulanylmagy Türkmenistan üçin Ýewropa bazarlaryna iň gysga ýoly açyp, Hazarüsti geçelgäniň çäklerindäki hyzmatdaşlyga strategik ähmiýet berýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Poti portunyň mümkinçilikleriniň utgaşdyrylmagy Hazar deňziniň hem-de Gara deňziň üsti bilen ýük daşamalary artdyrmaga ýardam berýän logistik zynjyry döredýär.
Energetika ulgamy mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan wajyp meseleleriň ýene biri boldy. Mejlise gatnaşyjylar energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek, «Lapis Lazuli» ulag geçelgesini ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk iki ýurduň ykdysadyýetlerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, tutuş Ýewraziýa sebitinde energetika, ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge hem mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar Gruziýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda dürli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň, Gruziýanyň üstaşyr kuwwaty arkaly türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Däp bolşy ýaly, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Toparyň agzalary Türkmenistanyň we Gruziýanyň halklarynyň arasyndaky dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam edýän özara Medeniýet günlerini, ylmy maslahatlary, sport çärelerini geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň alymlarynyň we döredijilik işgärleriniň bilelikdäki maslahatlara, festiwallara, sergilere gatnaşmaklary özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edip, ykdysady başlangyçlary durmuşa geçirmekde ygtybarly binýady döredýär.
Iki ýurduň işewürlik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin bilelikdäki işewürlik maslahatlarynyň, sergileriň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi.
Bäşinji mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi, onda gazanylan ylalaşyklar berkidildi we meýilleşdirilen işleri durmuşa geçirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Aşgabatda geçirilen mejlisiň netijeleriniň iki döwletiň milli bähbitlerine we maksatlaryna laýyk gelýän köptaraplaýyn türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.