Häzirki güne çenli geçirilen iň uzak we giň gerimli ylmy barlaglaryň netijesinde, synag maksatly geçirilen gen terapiýasy dogabitdi kerlikden ejir çekýän näsaglaryň 90 göteriminde eşidişiň dikelmegine sebäp boldy. Hytaýyň sekiz sany iri lukmançylyk merkezinde geçirilen kliniki synaglara jemi 42 meýletinçi, şol sanda 39 çaga we 3 uly ýaşly gatnaşdy. Barlagyň netijeleri bu innowasion usulyň uzak möhletleýin geljekde hem netijeliligini we howpsuzlygyny doly saklaýandygyny subut etdi.
Bu döwrebap bejeriş usuly içki gulagyň ses signallaryny beýnä ibermegi üçin zerur bolan otoferlin belogynyň öndürilmegine jogapkär OTOF geniniň mutasiýasyny (näsazlygyny) düzetmäge gönükdirilendir. Alymlar ýöriteleşdirilen howpsuz wirusyň (AAV9) kömegi bilen geniň sagdyn nusgasyny göni içki gulaga (koklea) ýetirmegi başardylar. Adaty kohlear implantlardan tapawutlylykda, gen terapiýasy eşidişiň tebigy biologik mehanizmini dikeldýär. Bu bolsa näsaglaryň sesleri mehaniki däl-de, has arassa, tebigy we sazlaşykly kabul etmegine şert döredýär.
Geçirilen gözegçilikler näsaglaryň 38-sinde proseduradan birnäçe hepde soň eşidiş ukybynyň düýpli gowulanandygyny görkezdi. Iki ýyldan gowrak wagt bäri gözegçilikde saklanýan 10 näsagyň ählisi häzirki wagtda adaty sesi (50–60 desibel) eşidip bilýärler. Olaryň 60 göterimi bolsa hatda pyşyrdylary hem eşitdiler.
Ylmy toparyň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, bu üstünlik diňe bir OTOF geni bilen çäklenmän, eýsem, genetiki kerligiň beýleki görnüşlerini bejermek üçin hem giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda hünärmenler derman serişdesini birbada iki gulaga hem ulanmagyň netijeliligini we bu usulyň lukmançylyk praktikasynda has giňden elýeterli edilmeginiň ýollaryny öwrenýärler. Gözlegleriň dowamynda näsaglarda hiç hili çynlakaý goşmaça täsirler hasaba alynmady.
«Nature» žurnalynda çap edilen bu ylmy açyş, nesilden-nesle geçýän kerligiň bejergisinde täze döwre badalga berýär.
Hydyr Aýnazarow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň terapewtik stomatologiýa kafedrasynyň müdiri.
PDF









