Hal­ka­ra tä­ze­len­ýän ener­gi­ýa agent­li­gi­niň (IRE­NA) mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ba­ta­re­ýa or­naş­dy­ry­lan Gün we ýel ener­gi­ýa­sy top­lum­la­ry üz­nük­siz elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny üp­jün ed­ýär. In­di bu usul ar­ka­ly elektrik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­me­giň ba­ha­sy ada­ty usul­da­ky­dan, ýag­ny ýe­ras­ty ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­dä­ki­den has ar­zan düş­ýär. Agent­li­giň taý­ýar­lan «Gü­nüň we ýe­liň yk­dy­sa­dy­ýe­ti» at­ly mag­lu­matyn­da şeý­le top­lum ar­ka­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­me­giň ba­ha­sy­nyň
1 me­ga­wat/sa­gat üçin 54-82 ame­ri­kan dol­la­ry ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Bu gör­ke­zi­ji Hy­taý­da­ky kö­mür be­ket­le­rin­de 70-85 dol­lar, glo­bal de­re­je­de tä­ze te­bi­gy gaz be­ket­le­rin­de 100 dol­lar­dan ýo­ka­ry.
Mag­lu­mat­da 2010-njy ýyl­dan bä­ri Gün­den ener­gi­ýa al­ýan des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň ba­ha­sy­nyň 87%, gu­ry ýer­dä­ki ýel be­ket­le­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň 55%, ba­ta­re­ýa gur­na­ma­gyň ba­ha­sy­nyň 93% ar­zan­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Bu bol­sa, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­nyň diňe daş­ky gur­şaw ba­bat­da däl, yk­dy­sa­dy taý­dan hem amat­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Şeý­le hem ba­ta­re­ýa­ly Gün-ýel top­lum­la­ry­nyň 1-2 ýy­lyň do­wa­myn­da gu­rup, ulan­ma­ga be­rip bol­ýar.

Aýjan Atageldiýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.