Alymlar muny her bir ynsanyň öz enesini hemmelerden gowy tanaýandygy bilen düşündirýärler. Hakykatdan-da, tanyş zatlar bizde rahatlyk duýgusyny oýarýar, nätanyş zatlar näçe gyzyklam bolsa, galagopluk döredýär. Kiçijik çaganyň ýat adamy görüp, ýadyrgap aglamagy we enesini görenden soň, karar tapyp, aglamagyny goýmagy munuň aýdyň mysalydyr. Aslynda, ene bilen çaganyň arasyndaky baglanyşyk hiç bir ylym tarapyndan subut edilen däldir. Bu mähir duýgusynyň ylahyýetden gaýdýandygy bilen düşündirilýär. Ene öz çagasynyň derdini çagaka-da, ýetginjekkä-de, ýaşy ulalyşansoňam duýmaga ukyplydyr. Eneler bizi özümizden gowy tanaýan ýeke-täk ynsanlardyr.
Belki-de, uzak ýola syýahata gidemde, ýanyma ýoldaş bolan gelniň gürrüňleri kalbymy gozgalaňa salmadyk bolsa, ene baradaky şu ýazgylarymy galdyrmasamam galdyrmazdym. Gözlerine gussa çöken bu gelin öz käbesi hakda hem ökünç, hem buýsanç bilen şeýle diýipdi:
– Ejem ýaş gelinkä, kakam aradan çykyp, alty çagasy bilen galypdy. Çagalykdan aňymda şeýle düşünje bardy. Meniň üçin ejeler hiç haçan ýadamaýan, gije-gündiz işleýän we hiç haçan ajykmaýan adamlardy. Çünki meň ejemem edil şeýledi. Gije-gündiz, arman-ýadaman çeken zähmeti bilen çagalaryny hiç zada zar etmän ýetişdiripdi. Biziň barymyzyň ýokary bilimli bolmagymyz onuň esasy baş maksadydy. Men iň körpesi bolamsoň, lukman bolmagymy isleýärdi. Menem onuň islegini berjaý edip, lukman hünärini ele aldym.
Ejemiň hemişe biziň aladamyzy edendigine indi özüm ene bolamsoň düşünýärin. Ýaşkam onuň menden kemsiz adam ýasajak bolýandygyna düşünerdim. Mundan närazydym. “Eje menem dynjymy alaýyn, menem gezelenje gidäýin, menem adam ahyry” diýen wagtlarymam az bolmandy. Ejemiň özi işjanly bolansoň, biziň öz durmuşymyza bolan gatnaşygymyz bilen razylaşmaýardy. Hemişe nämedir bir zatlary öwrenmegimizi isleýärdi.
Bir gün heniz mekdep okuwçysy döwrümde, ol bir gatnaşýan ýerimiziň gyzynyň iňlis dilinden sapak berýändigini, meni hem şoňa gatnamak üçin ýazdyrandygyny, eýýäm alty aýlyk puluny hem töländigini aýtdy. Biz o mahallar çagadyk, mekdepden boş wagtlarymyz öz meýillerimiz bardy, gurjak teatry gurnagyna gatnan bolýardym we öz güýmenjämden lezzet alýardym. Şonuň üçin ejemiň menden soraman, iňlis dilini öwrenmäge ýazdyrandygyndan gaty närazy boldum. Ejem pahyr şonda: “Gyzym hünäri öwrende, ýigren diýipdirler, geljekde sana gerek bolar” diýip ýalbarypdy.
Netijede, men Mähri mugallymyň ýanyna gatnap, iňlis diliniň başlangyç binýadyny aldym. Mugallym menden razydy, dil öwrenmek mende hiç hili kynçylyk döretmedi. Ýyllar geçdi, men ejeme bir gün: “Eje sen biderek çagalaň agzyndan kesip, maňa iňlis dilini okatdyň, hanha, indi oň geregem ýok” diýipdim. Ejemiň sesini çykarman, gyzymyň gulpajygyny örüp, aşak bakyp oturany häzirem göz öňümden gidenok.
Ondan bäri ýyllar geçdi. Özümizem ene bolduk. Çaga terbiýe bermegiň, ony ekläp saklamagyň, ony ile peýdaly adam edip ýetişdirmegiň nähili agyrdygyny ýyllar dura-bara subut etdi. Çagalarym ulaldygyça ejemi küýsedim, ol bolsa, birmahal biziň aramyzdan gidipdi. Meniň durmuşymyň her bir öwrüminde ejemiň öwüt-ündewleri, aýdan zatlary çykýardy. Men şonda ejeleriň hiç haçan öz çagalaryna ýamanlyk islemeýändigine ýene bir gezek göz ýetirýärdim.
Iň soňky gezek bolup geçen şeýle wakalaryň biri bolsa, meniň ejeme aýdan zatlarymy ýatlap, öz bolşumdan utanmaga mejbur etdi. Şonda men indi ejemi gujaklap, oňa minnetdarlyk bildirip bilmejegim üçin ummasyz ahmyr etdim.
Ejemiň arzuw edişi ýaly, lukman bolup il-güne hyzmat edip ýörkäm, ýolbaşçymyzyň meni öz ýanyna çagyrýandygyny aýtdylar. Onuň ýanyna baramda, hal-ahwal soraşanymyzdan soň, daşary ýurda birnäçe aýlyk kämilleşdiriş okuwyna ugratmak boýunça geçirilen seljerişde meni ugratmak baradaky karara gelendiklerini aýtdy we meniň razylygymy sorady. Elbetde, bu meniň üçin uly ynamdy, bu öz hünärim boýunça geçirilýän abraýly okuwdy, bu ugurdan alan bilimimi has-da kämilleşdirmekde örän amatly pursatdy. Begenjimiň çägi ýokdy. Men muny özümiň zähmetime berlen ýokary baha diýip, hasap edipdim, şonda başlygymyz: “Seniň iňlis dilini kämil bilmegiň kesgitleýji şert bolup çykyş etdi, teklip edilenleriň arasynda iňlis dilini suwara bilmegiň tapawutly tarapyň boldy” diýdi.
Ine, şonda men ejemiň çagakam dil öwrenmäge gatnatjak bolup ýalbaryşy, meň her gezek gidemde towlanjyrap, ör-gökden gelip, gitmek islemeýşim, in soňunda-da, oňa minnetdarlyk bildirmegiň deregine azabynyň boşdugyny aýdyşym edil kino lentasy ýaly birin-birin göz öňümden geçdi. Gözlerimden ajy gözýaşlar paýyrdap gaýtdy. Ýöne ol gözýaşlaryň şatlyk däl-de, ökünç, ahmyr, utanç gözýaşlarydygyny özümden başga aňlan bolmady.
Şu günler ejemiň azabynyň, tagallalarynyň hözirini görüp ýören döwürlerim käbäme bolan mätäçligimiň hasam güýjändigini görýärin. Ýöne ejeleriň takdyry şeýle bolmaly, olar töweregine ýagtylyk bermek üçin özleri edil şem ýaly ýanyp gutarýarlar.
…Hawa, ýolda sataşan bu gelnimiň beren gürrüňleri mende diýseň uly täsir galdyrypdy. Meniň şu ýerde öz ejeme beren soragym ýadyma düşüpdi. Kiçijik jigim dünýä gelende men ejemi gabanypdym, indi onuň söýgüsini paýlaşmaly boljagym baradaky pikir hiç ynjalyk bermändi. Şonda kiçijik jigimi gujagyna alyp, oturan ejeme: “Eje, indi sen meni öňkiň ýaly gowy görmersiňmi?” diýipdim. Ejem meň başymy sypalap: “Balam, heý, ýanyp duran şemden başga şeme ot geçireniň bilen şemiň ody kemelermi?! Ejeň söýgüsem şonuň ýalydyr, hemmäňize ýeterlikdir, saňa bolan söýgüme hiç täsir etmez” diýipdi.
Hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabyny halkymyza sowgat edendigini eşiden badyma ony okamak arzuwy bilen kitaphana bardym. Kitapda ene hakdaky aýdylan ajaýyp sözlerden, rowaýatlardan ýüregim teselli tapdy. Mähriban Arkadagymyzyň enelere, zenanlara goýýan sarpasy bu gün döwletimiziň syýasatynda-da uly orun eýeleýär. Bu barada kitapda owadan suratlar bilen bezelen maglumatlar getirilipdir. Esasan hem milli Liderimiziň öz mähriban käbesi baradaky ýatlamalary, gürrüňleri akgynly okalýar. Uly iliň Arkadagy bolup ýetişen şeýle ilhalar ynsany ýetişdiren Ogulabat ejä bolan hormatyň hasam artýar. Hormatly Prezidentimiziň “Ata-ene – her bir ynsan üçin iň ýakymly hem lezzetli hakyda” diýip belleýşi ýaly, “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” kitaby öz enesini söýýän her bir adam üçin gymmatly sowgatdyr.
Gülbahar Gurbanowa,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.