Sözbaşy hakynda gürrüň edilende talyplyk ýyllarym ýadyma düşýär. Diňe bir talyplaryň däl, eýsem, kärdeşleriniň hem aglabasynyň halypasy hasaplanýan mugallymymyz Begmyrat Weýisow uçurym bolaýjak uçurlarymyz sözbaşylary ylmy taýdan derňemegi maslahat beripdi. “Mugallym, men gazet-žurnal işi bilen bolubereýin” diýen sypaýyçylykly gürrüňime per bermedik halypa, sözbaşylary hem dil, hem žurnalistika boýunça derňäp biljekdigimi gulagyma guýupdy.
Şoňa çenli ilki “Talyp durmuşy” gazetinde, soňra “Nesil” gazetinde birküç ýyl işläp ýetişipdim. Makala hem ýazylýardy, sözbaşam goýulýardy. Emma şol gürrüňden soň, Begmyrat mugallymyň diýşi ýaly, ylmy iş almasam-da, sözbaşy meniň iň agyryly meseläm boldy. Bir sözbaşy tapsam, şoňa laýyk material ýazjak bolardym ýa-da ýazylan materiala laýyk sözbaşy goýmak esasy işime öwrülerdi.
Şeýlelikde, Hajy Ysmaýylowyň “Iki atanyň bir ogly” atly hekaýasynyň ady “Mugallymlar gazetinde” çap edilen iki makala sözbaşy boldy. Ilki “Barselonanyň” oýunçylary Hawi bilen Inýesta hakyndaky makala “Bir mekdebiň iki okuwçysy” diýlip at goýuldy. Soňra bolsa Messi hakyndaky makala “Iki mekdebiň bir okuwçysy” diýlip atlandyryldy. Bars ýylynyň başynda “Aşgabat” gazetinde “Barselona” Bars ýylynda nähili çykyş eder?” diýen sözbaşyly syn çap edildi. Şol sözbaşydaky “Barselona” sözüniň “Bars” diýen böleginiň bars sözi bilen sazlaşdyrylmagy onuň esasy aýratynlygy bolupdy.
Şu ýerde Germaniýanyň “Badisches Tageblett” gazetinde geçirilen pikir soraşmanyň netijesi hakyndaky maglumatlary paýlaşmak isleýäris. Şol pikir soraşma laýyklykda, gazetde çap edilen makalanyň girişini okyjylaryň diňe 9 göterimi okaýar. Neşirleri okaýan adamlaryň 60 göteriminiň gazet ýa žurnal sahypasyny açyp, ilki bilen sözbaşa seredýändigi ýüze çykarylypdyr. Uçdantutma hemme adamlar, ýagny pikir soraşma gatnaşanlaryň 100 göterimi suratyň aşagyndaky ýazgyny okamagy halaýan eken. Muňa garamazdan, materialdaky suratyň ýazgysyndan öňünçä, ilki bilen, sözbaşysyndan söhbet açylýandygyny hem inkär etmek bolmaz.
“Nesil” gazetinde Hoja Hojaýew ady bilen tanalýan wäşi bilen edilen söhbetdeşlik gazet sahypasyna goýlansoň, şol wagtky baş redaktorymyz Annagül Narlyýewa ýanyna çagyryp, onuň sözbaşysyna seretmegi tabşyrdy. Söhbetdeşlik bilen tanşyp, onuň dowamynda “gahrymanyň” çaga wagty bagşy Nurberdi Gulowyň ýanyna dutar öwrenmäge barandygyna, onuňam bu höwesek çaganyň elini görüp, saz çalyp bilmejekdigini aýdandygyna göz ýetirdim.
Köpçüligiň söýgüsini gazanan artistiň saz çalyp bilmeýändigine ünsi çekýän sözbaşy goýup boljakdygyny maslahatlaşmak üçin kärdeşimiz Goçnazar Heşdekow bilen habarlaşdym. Olam pikirimi aýdamsoň, biraz oýlandy-da: “Dutar çalyp bilmeýän wäşi” diýip, sözbaşy goýmagy maslahat berdi. Emma bu artistiň häli-şindi teleýaýlymda aýdym aýdyp, saz çalyp çykyş edýändigi ýadyma düşüp, ýene-de halypa kärdeşimiz bilen maslahat edip, wakany öten zamanda alyp: “Dutar çalyp bilmedik wäşi” diýip, sözbaşy goýduk. Görşümiz ýaly, okyja makala taýýar bolup ýetýänçä, gör, näçe gezek elekden geçirilýär? Her söz, sözlem, goşulma içginden-içgin seljerilýär. Bu bolsa gazet işiniň žurnaldan tapawutlylykda çalt pikirlenmegi we derrew netije çykarmagy talap edýändigini aýnada görlen ýaly aýan edýär.
Žurnalist Hallygözel Şanazarowa “Nesil” gazetindäki “Žurnalistika we döwür” mowzugynda berlen materialyna “Ähli hünärleriň hünärmeni” diýip, sözbaşy goýanda hem bu käriň jogapkärçiligine düşünip bolýar. Şu ýerde kär sözüni ýörite ulandyk. “Ata kesbi ogla halal” diýen atalar sözi sözbaşy görnüşinde juda köp ulanylýar. Emma onuň näme many berýändigine weli, ünsem beremzok.
“Kesb el-halal” jümlesiniň arap dilinde “Halal gazanç” diýmegi aňladýandygyny arapşynas kärdeşlerimiz Rejep Orazmuhammedow bilen Rahmet Gylyjow ilik-düwme edip düşündirip berdiler. “Ata kesbi ogla halal”, kämahal bolsa, “Ata kesbi gyza-da halal” diýen sözbaşyny goýmak bilen kakasynyň saýlap alan hünärini ele alan perzentler hakynda gürrüň edilýändigini hemmämiz bilýändiris.
Ýadymyzda galan jüpüne düşen sözbaşylaryň käbirini hem okyjylar bilen paýlaşmak isleýäris. Internet saýtlarynyň birindäki “Mahaçkalada “Anžiden” ýokarda diňe Kazbek bar” diýen sözbaşyny ýatladýan jümle “Köpetdagyň” öňünde diňe Köpetdag durup biler” diýen görnüşde “Nesil” gazetinde çap edilipdi. “Ýüpek ýoly 2009” awtosport ýaryşynyň öňüsyrasynda “Watan” gazetinde halypa žurnalist Goçnazar Heşdekowyň “Gündogaryň “Dakary” diýen at bilen makalasy okyjylara ýetirilipdi. Londonda geçen çagalaryň futbol festiwalynda üstünlikli çykyş eden “Akguş” futbol toparynyň şondan soň, garaşylyşy ýaly çykyş etmänligi “Akguş” näme üçin uçmady?” diýen sözbaşyda şöhlelendi. Şol makalanyň “Zaman-Türkmenistan” gazetinde çap edilip, onuň sport žurnalisti Orazgeldi Geldiýewe degişlidigini ýatladýarys. Bu ýerde şol materiallaryň ýatda galmagyna gönüden-göni sözbaşylaryň sebäp bolandygyna göz ýetirmek kyn däldir.
Sport ýaryşlarynyň aglabasynda türgen pellehanadan geçensoň, bäsleşik tamamlanýar. Emma sözbaşylar hakyndaky söhbetiň pellehanasy ýok. Çünki sözbaşylar hakyndaky gürrüň hemme döwürde-de ýörgünli bolmagynda galýar.
Hojaberdi APBAÝEW,
žurnalist.